Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan: Saýlawlara baha berildi


ÝHHG-niň metbugat-konferensiýasy, Baku, 10-njy oktýabr, 2013.
ÝHHG-niň metbugat-konferensiýasy, Baku, 10-njy oktýabr, 2013.
ÝHHG-niň synçylary Azerbaýjanda çarşenbe güni geçirilen we ýurduň häzirki prezidenti Ylham Aliýewe ýeňiş getiren prezidentlik saýlawlarynyň düýpli kemçilikler bilen amala aşyrylandygyny aýtdylar.

Fransiýaly kanunçykaryjy we ÝHHG-niň Demokratik institutlar we Adam hukuklary boýunça edarasynyň gysga möhletli gözegçiler missiýasynyň ýolbaşçysy Mişel Woisin penşenbe güni Bakuwda geçirilen metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda saýlaw prosesinde esasy azatlyklaryň depelenendigini aýtdy.

Halkara guramalarynyň bahalary

Mişel Woisin 9-njy oktýabrda bolan saýlawlarda söz, pikir, bileleşmek azatlyklarynyň depelenendigini, dalaşgärlere deň mümkinçilikleriň berilmändigini aýtdy. Şeýle-de, onuň sözlerine görä, käbir dalaşgärlere garşy aýyplamalaryň öňe sürülmegi we ses berijileriň gorkuzylmagy ýaly wakalar saýalawlara kölege salypdyr.

ÝHHG-niň ozalky beýannamasynda Azerbaýjandaky saýlawlaryň guramanyň standartlaryna laýyk bolmandygy mälim edilipdi. Mişel Woisin ol kemçilikleriň düzedilmelidigini aýtdy we Azerbaýjany ÝHHG-niň standartlaryny berjaý etmäge çagyrdy.

Çarşenbe günki ses berişlikde aktiwistler galplyklaryň bolandygyny, şol sanda goşmaça býulletenleri ulanmak we şol bir ses berijilere birnäçe gezek ses berdirmek ýaly bikanun hereketleriň edilendigini açyk görkezýän wideoýazgylaryň bardygyny aýtdylar.

Ses berişlikden bir gün öň, sişenbe güni, Merkezi saýlaw komissiýasynyň smartfonlar üçin niýetlenip taýýarlanan programmasy arkaly Aliýewiň 73% ses alyp, saýlawlarda ýeňiş gazanandygy habar berildi. Merkezi saýlaw komissiýasy munuň üçin ötünç sorady we ýaýradylan maglumatyň programmanyň synagy bolandygyny aýtdy.

Azerbaýjanda çarşenbe güni bolan prezidentlik saýlawlaryna jemi 10 dalaşgär gatnaşdy. ÝHHG-niň synçylar toparynyň ýolbaşçysy Mişel Woisin muny ozalky saýlawlar bilen deňeşdirilende öňegidişlik hökmünde häsiýetlendirdi.

Ýewropa Geňeşiniň Parlament Assambleýasynyň we Ýewropa Parlamentiniň gözegçileriniň bilelikdäki missiýasynyň ýaýradan beýannamasynda ýurtda söz azatlygyna degişli kemçilikler dowam edýän hem bolsa, ses berişligiň açyk we demokratiýa laýyk bolandygy aýdyldy.

Sanalan sesleriň hasaba alynmagynyň netijesinde Aliýewiň 84.6% ses toplandygy barada habar berildi.

Oppozisiýanyň reaksiýasy

Azerbaýjanyň Birleşen oppozisiýasynyň dalaşgäri Jamil Hasanlynyň 5.5% ses toplandygy habar berildi. Hasanly saýlawlaryň netijelerini sud arkaly ret etdirmek niýetini mälim etdi.

Azerbaýjanyň oppozision demokratik güýçleriniň Geňeşi atly koalisiýa 12-nji oktýabrda Bakuwda protest aksiýasyny geçirmekçi bolýar.

Prezident Ylham Aiýew 2003-nji ýyldan bäri Azerbaýjana ýolbaşçylyk edýär.
XS
SM
MD
LG