Sepleriň elýeterliligi

Aýsoltan: "Ýene Mekgä gidesim gelýär"


Haj zyýaratyna gidip barýan zenan

Haj zyýaratyna gidip barýan zenan

Şu ýylyň 28-29-njy oktýabry aralygynda Türkmenistandan 188 adam hökümet tarapyndan Saud Arabystanyna Haj zyýaratyna ugradylar. Bu karar Prezident G.Berdimuhamedowyň permany bilen halk köpçüligine ýayradyldy.

Prezident G.Berdimuhamedowyň permanynda “Türkmenhowaýollary” Döwlet kompaniýasynyň öz hasabyna, bu zyýaratçylaryň Saud Arabystanyna saparyny gurnamalydygy aýdylýar.

Eýsem, haj zyýaratyna öz hasaby bilen gitmek isleýänlere nähili mümkinçilikler bar?

Azatlyk Radiosy bu barada iki sapar öz hasaby bilen Mekgä baryp gelen 60 ýaşly Aýsoltan daýza bilen söhbetdeş bolup, Türkmenistandan Mekgä gitmegiň ýollary, Mekgede görüp eşidenleri hakynda söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG