Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Ozalky häkim 28 ýyl aldy


Birleşen Ştatlaryň Detroýt şäheriniň öňki häkimi korrupsiýa üçin 30 ýyla golaý türme tussaglygyna höküm edildi.

43 ýaşyndaky Kwame Kilpatrik penşenbe güni 28 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Ol mart aýynda gorkuzyp pul almakda, parahorlukda, pul bermäge mejbur etmekde we beýleki aýyplamalarda günäli tapylypdy.

Prokurorlar sudda onuň öz aýlygyndan daşary 840 müň dollarlyk çykdajysyny delil edip görkezdiler.

Kilpatrik 2002-nji ýyldan 2008-nji ýyla çenli häkim bolupdy, ol sudda eger Detroýtyň ilatyny lapykeç eden bolsa, muňa gynanjakdygyny aýtdy. Şeýle-de ol şäherden pul ogurlandygyny ret etdi.

Detroýt bir zaman dünýäniň iň baý şäherleriniň biridi, emma golaýda batany üçin goraga alynmagyny soran iň uly şäher boldy.
XS
SM
MD
LG