Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Timoşenkony boşatmaga çagyrýarlar


Germaniýa Ukrainanyň ozalky premýer-ministr Ýuliýa Timoşenkony azat etmäge çagyrdy, bolmasa Ýewropa Bileleşigi bilen gol çekilmeli ylalaşygy töwekgellik astyna saljagyny duýdurdy.

Bu sözler daşary işler ministri Guýdo Westerwelle tarapyndan penşenbe güni, Kiýewde ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiç bilen duşuşykdan soň dile getirildi. Westerwelle Kiýewi Timoşenko problemasyny çözmäge çagyrdy, sebäbi biz Ukrainanyň Ýewropa tarap dogry ýoldan gitmegini isleýäris diýdi.

Ukrainanyň daşary işler ministri Leonid Kožara häkimiýetleriň çözgüt agtarýandygyny aýtdy.

Timoşenko 2011-nji ýylda 2009-njy ýylda Orsýet bilen baglaşan gaz şertnamasyndaky jenaýat sebäpli ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Timoşenko bu aýyplamanyň syýasy äheňlidigini öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG