Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýranda 5 ofiser öldürildi


Eýranyň habar gulluklary Rewolýusiýa gwardiýasynyň bäş agzasynyň ýaragly topar tarapyndan öldürilendigini habar berýärler.

«Fars» habarlar gullugy bu wakanyň penşenbe güni kürtleriň Baneh sebitinde, Eýranyň demirgazyk-günbatarynda bolandygyny aýdýar.

Olardan başga iki sany esgeriň hem ýaralanandygy habar berilýär.

2012-nji ýylyň aprelinde pitneçi kürt jeňçileri şol sebitde Rewolýusiýa gwardiýasynyň dört agzasyny öldürmekde günälenipdi.
XS
SM
MD
LG