Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri saýlawlary adalatly bolmady


Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti Azerbaýjanyň prezident saýlawlarynyň halkara standartlaryna laýyk geçirilmändigini aýtdy.

Penşenbe güni ýaýradylan beýanatda sözçi Mari Harf Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň synçylarynyň pikirini goldady.

Bu guramanyň gözegçileri Bakuwda guralan metbugat ýygnagynda saýlawyň «düýpli kemçilikleriniň» bolandygyny aýtdylar.

Olar iş başyndaky prezident Ylham Alyýewiň sesleriň aglaba köplügi bilen ýeňiş gazanan saýlawynyň bir kemçiliginiň hem media mümkinçilikleriniň çäklendirilmegi bolandygyny bellediler.

ÝHHG gözegçileriň saýlaw uçastoklarynyň 37-sinde düzgün bozmalary hasaba alandygyny, syn edilen saýlaw uçastoklarynyň 58 prosentinde ses sanalyşyna negatiw baha berlendigini aýtdy.

Sesleriň tas hemmesiniň sanalan ýagdaýynda Alyýewiň 85 prosent çemesi ses alandygy, oppozisiýa kandidaty Hasanlynyň bolsa 5 prosent töweregi ses alandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG