Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO güýçleriniň möhleti uzaýar


BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky güýçleriň Owganystanda bolmaly möhletini 2014-nji ýylyň ahyryna çenli uzaltmaklyga biragyzdan ses berdi.

Bu Howpsuzlyk geňeşiniň Owganystandaky Halkara howpsuzlyk kömek güýçleri baradaky soňky karary bolar öýdülýär.

Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary bu ýurtdan 2014-nji ýylyň aýagyna çenli çykyp, howpsuzlyk jogapkärçiligini owgan güýçlerine tabşyrmagy planlaşdyrýarlar.

Howpsuzlyk geňeşiniň penşenbe güni kabul eden rezolýusiýasynda Owganystandaky ýagdaýyň henizem halkara howpsuzlygyna we parahatçylygyna wehim salmagyny dowam etdirýändigi bellenilýär.

Şeýle-de bu kararda owgan hökümetiniň korrupsiýa garşy göreşi ýokarlandyrmagyna, aç-açanlygy we hasap berijiligi berkitmegine çagyrylýar.
XS
SM
MD
LG