Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nobel parahatçylyk baýragy berildi


2013-nji ýylyň Nobel parahatçylyk baýragyna Himiki ýaraglary gadagan etmek baradaky gurama mynasyp boldy.

Hökümetden aýry gurama dünýä ýüzünde Himiki ýaraglar baradaky konwensiýanyň berjaý edilişine gözegçilik edýär hem-de himiki ýaraglar barada maglumat we analiz berýär.

BMG-niň Siriýadaky himiki ýarag hüjümi barada delil toplamaly topary Himiki ýaraglary gadagan etmek baradaky guramanyň ekspertlerinden düzüldi.

Düýbi Haagada ýerleşýän gurama häzir Siriýanyň himiki ýaraglarynyň we bu ýaraglary öndürýän kärhanalarynyň ýok edilişine gözegçilik edýär.

Orsýet bilen ABŞ-nyň sentýabrda gelen ylalaşygy esasynda Siriýanyň himiki ýarag programmasy 2014-nji ýylyň ortasyna çenli tutuşlygyna ýok edilmeli.

1.25 million dollarlyk Nobel parahatçylyk baýragy formal taýdan 10-njy dekabrda, Osloda berilmeli.
XS
SM
MD
LG