Sepleriň elýeterliligi

Nobel baýragy himiki ýaraglar boýunça gurama berildi


2013-nji ýylda Parahatçylyk ugrundaky Nobel baýragyna eýe bolan “Himiki ýaraglary gadagan edýän guramanyň" müdiri Ahmet Uzumçu, Gaaga, 11-nji oktýabr, 2013.

2013-nji ýylda Parahatçylyk ugrundaky Nobel baýragyna eýe bolan “Himiki ýaraglary gadagan edýän guramanyň" müdiri Ahmet Uzumçu, Gaaga, 11-nji oktýabr, 2013.

“Himiki ýaraglary gadagan edýän gurama” 2013-nji ýylda Parahatçylyk ugrundaky Nobel baýragynyň eýesi diýlip yglan edildi.

Bu karary anna güni Osloda Norwegiýanyň Nobel baýragy boýunça komitetiniň başlygy Torbýörn Ýagland yglan etdi.

Nobel baýragy boýunça komitetiň resmileri “Himiki ýaraglary gadagan edýän guramanyň” himiki ýaraglary ýok etmek boýunça tagallalary üçin sylaglanandygyny aýtdylar.

Guramanyň roly

Gaagada ýerleşýän we BMG tarapyndan goldanylýan hökümete degişli bolmadyk bu gurama himiki ýaraglar boýunça şu ýyl 20-nji ýyl dönümi bellenilýän Halkara Konwensiýanyň berjaý edilişine gözegçilik edýär.

Şeýle-de bu bitarap gurama himiki ýaraglar boýunça maglumatlary toplaýar we ýagdaýa analiz berýär.

BMG-niň şu ýylyň 21-nji awgustynda Damaskyň golaýynda bolan himiki hüjümleri derňemek boýunça iberen ýörite topary “Himiki ýaraglary gadagan edýän toparyň” ekspertlerinden düzülipdi. Häzirki wagtda bu gurama Siriýada himiki ýaraglaryň ýok edilişine gözegçilik edýär.

Sentýabr aýynda Orsýetiň we ABŞ-nyň arasynda gelnen ylalaşyga görä, Siriýanyň himiki ýaraglary 2014-nji ýylyň ortalaryna çenli ýok edilmeli.

Ýagland Siriýadaky krizisiň bu toparyň himiki ýaraglara gözegçilik boýunça alyp barýan işine ünsi çekendigini belledi. Şol bir wagtda-da ol bu gurama ençeme ýyl bäri Nobel baýragyna mynasyp dalaşgär hökmünde seredilip gelnendigini hem aýtdy.

Baýragyň berilmeginiň sebäpleri

Ýagland Nobel komitetiniň “Himiki ýaraglary gadagan edýän” guramany sylaglamak arkaly himiki ýaraglaryň öňüniň alynmagyna öz goşandyny goşýandygyny belledi.

Ýagland Nobel komitetiniň häzirki kararynyň himiki ýaraglar boýunça konwensiýasyna goşulmadyk ýurtlara we bu konwensiýada göz öňünde tutulýan borçlaryny ýerine ýetirmedik ýurtlara duýduryşdygyny nygtady.

Nobel komitetiniň ýolbaşçysy ABŞ-ny we Orsýeti öz himiki ýaraglaryny ýok etmek boýunça işlerini tizleşdirmäge çagyrdy.

1.25 million amerikan dollaryna barabar Parahatçylyk ugrundaky Nobel baýragy resmi suratda 10-njy dekabrda Osloda gowşurylar.
XS
SM
MD
LG