Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tussaglar barada subutnama soralýar


Türkmenistanyň ozalky daşary işler ministri Boris Şyhmyradow, 26-njy iýun, 1997.
Türkmenistanyň ozalky daşary işler ministri Boris Şyhmyradow, 26-njy iýun, 1997.
On ýyl mundan ozal türkmen häkimiýetleri, prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmekde aýyplap, ozalky daşary işler ministrini we başga-da köp adamlary türme tussaglygyna höküm edipdi.

Gürrüň edilýän tussaglar şondan soň ýurduň türmelerinde ýitirim boldular. Olaryň ykbaly barada resmi taýdan ýeke agyz gürrüň edilmedi. Häzirki wagtda adam hukuklary boýunça toparlar türkmen häkimiýetlerinden olaryň diridiklerini subut etmeklerini talap edýärler. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçylary Muhammet Tahyr we Farangis Najibullah bu barada habar berýärler.

Mundan on ýyldanam köp wagt ozal Türkmenistanyň döwlet mediasy prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşygyň başa barmandygyny habar beripdi.

Ozalky daşary işleri ministri Boris Şyhmyradow we onuň ýaranlary 2002-nji ýylyň noýabr aýynda bolan waka bilen ilteşikli hasaplanyp, türme tussaglygyna höküm edilipdiler. Gözenegiň aňyrsyna gabalanlaryndan soň, olaryň başyna nämeleriň gelenini bilýän ýok.

Olar hakda hiç zat aýdylmaýar

Halkara jemgyýetçiliginiň haýyşnamalaryna garamazdan, resmi Aşgabat türmedäkileriň ykbaly barada, olaryň nirededigi barada hiç hili resmi maglumat bermedi. Azatlykdan mahrum edilenleriň maşgala agzalary olaryň diridigini ýa-da däldigini entegem bilenoklar.

Häzirki wagtda adam hukuklary boýunça birnäçe toparlaryň guramagynda we gatnaşmagynda alnyp barylýan kampaniýalaryň üsti bilen syrly wakany çözmeklik maksat edinilýär. Türkmen häkimiýetlerinden “olaryň diridiklerini subut etmekleri” soralýar.

Eger-de olar diri bolsalar, kampaniýa halkara jemgyýetçiligine degişli wekilleriň, hukukçylaryň we azatlykdan mahrum edilenleriň maşgala agzalarynyň tussaglar bilen duşuşmaklaryna rugsat berilmegini soraýar.

Kampaniýa şu aýyň başynda “Graždan raýdaşlygy platformasy”, “Crude Accountability”, ”Adam hukuklary we demokratiýaň ösüşi”, “Freedom Files” we Norwegiýadaky Helsinki komitetiniň gatnaşmagynda başlandy.

“Biziň türkmen häkimiýetlerinden iki sany sada we gumanitar häsiýetli talabymyz bar” diýip, kampaniýanyň agzasy, žurnalist Arkadiý Dubnow aýdýar. Ol öz sözlerini: “Tussaglaryň başyna nämeleriň gelendigini bize aýdyň we olar bilen duşuşmaga mümkinçilik dörediň” diýip, dowam edýär.

Arkadiý Dubnow, žurnalist
Arkadiý Dubnow, žurnalist
Arkadiý Dubnow: “Aradan on ýyl geçendigine garamazdan, dünýä jemgyýetçiligi tussaglaryň ýaşaýyş şertlerini we waka barada giňişleýin hiç zady bilenok. Dünýä jemgyýetçiligi olaryň diridiklerini ýa-da ölendiklerini hem bilenok. Olaryň saglyk ýagdaýy barada hiç zat belli däl. Hiç kime, hatda olaryň maşgala agzalaryna, aklawçylara, Gyzyl Haç Jemgyýetiniň wekillerine, gözegçilere, umuman, hiç kime olar bilen duşuşmaga rugsat berlenok” diýip belleýär.

50-den gowrak adam tutulypdy...

Orsýetli adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň aýtmagyna görä, şol waka bilen baglanyşykly 55 adam saklanýar we soňra-da olar, 2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda boldy diýilýän prezidentiň janyna kast ediş synanyşygyna gatnaşmakda aýyplanylyp, tussag edilýärler.

Tussag edilenleriň arasynda Şyhmyradow bilen bir hatarda onuň inisi Konstantin Şyhmyradow we Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndaky ozalky ilçisi Batyr Berdiýew hem bar.

Aşgabatda bolup geçen bu gynançly wakanyň edil yz ýany bilen “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy “Moskwa mehanizmi” diýilýän inisiatiwany işe girizipdi. Bu mehanizm şübheli ýagdaýda sud jogapkärçiligine çekilenler babatynda, olaryň hukukçylar bilen duşuşdyrylmagyny we sud jogapkärçiligine çekilenleriň tussaglykdaky ýaşaýyş şertleri barada maglumatlary toplamagy maksat edinipdi.

Ýöne türkmen häkimiýetleri “Moskwa mehanizminiň” wekilleriniň ýurduň içinde iş alyp barmaklaryna ýol bermedi. Halkara jemgyýetçiliginiň Türkmenistany tussaglaryň ykbaly barada maglumat bermäge çagyrmaklary netije bermedi.

Şyhmyradow özüni "garalapdy"

Şyhmyradow iň soňky sapar halk köpçüliginiň öňünde döwlet telewideniýesinde “öz günäsini boýun alyp” çykyş edipdi. Telewideniýedäki bu çykyş onuň saklanmagyndan birnäçe gün soň görkezilipdi. Ol şonda aljyraňňy we düşnüksiz ýagdaýdady. Ozalky ministr halkyň öňünde özüniň jenaýatçylykly herekete gatnaşandygyny we neşe serişdelerini ulanyp, spirtli içgileri içmäge endik edinendigini “boýun alypdy”. Ol şonda ömürlik türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Käbir bilermenleriň aýtmagyna görä, ony ýokarda agzalan zatlary boýun almaga mejbur eden ekenler. Birnäçe ýokary diplomatiki wezipelerde işlän Şyhmyradow bu wakadan bir ýyl ozal Nyýazowyň režimine garşydygyny yglan edipdi.

B.Şyhmyradow ozalky egindeşleri bilen, 1994.
B.Şyhmyradow ozalky egindeşleri bilen, 1994.
Ozalky syýasy tussag Akmuhammet Baýhanow halkara jemgyýetçiliginiň türkmen tussaglarynyň ykbaly barada alyp barýan kampaniýasyndan hoşaldygyny aýtdy. Türkiýede Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna interwýu beren Baýhanow: “Türkmenistanda hiç kim bu ýagdaýlar barada gepleşmeýär” diýdi.

Baýhanow 2003-nji ýyldan 2007-nji ýyla çenli jemi dört ýyl türmede oturdy. Ony Moskwadaky türkmen oppozisionerlerine kömek etmekde aýyplapdylar.

Ol Aşgabadyň golaýyndaky ady belli “Owadandepe” türmesinde birnäçe aý saklanypdy. Käbir adamlaryň pikirine görä, Şyhmyradow we onuň ýaranlary şol türmede saklanylýar. Ýöne Baýhanowyň aýtmagyna görä, agzalýan türmede beýleki tussaglar barada nämedir bir zat bilmäge hiç hili mümkinçilik ýok ekeni.

“Ol adamlar hakda meniň hiç hili maglumatym ýok. Çünki Owadandepe diýlen zyndana tussaglary eltenlerinde, ýörite ýapyk ulaga salyp alyp barýarlar. Owadandepäniň öz bir kadasy bar. Onuň içinde ýöne bir howaýy gezip bolanok. Owadandepede, adatça, ol ýerde saklanylýan tussaglary, ellerini arkasynda tutduryp, ýüzüni aşak egdirip ýöredip, barmaly ýerine eltýärler we şol ýerde hem oturdýarlar.

Biz bolsa, hakykatdanam syýasy tussag bolanymyz sebäpli, hiç zada goşulmadyk. Zyndanyň içinde hem hiç zada goşulman oturduk. Elbetde, olar o taýda saklanýandyr. Ýöne şol 25-nji sanjar-noýabr wakasy bilen baglanyşykly tussag edilen adamlar hakda mende hiç hili maglumat ýok” diýip, Baýhanow aýtdy.
2006-njy ýylda Nyýazow ölenden soň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana reformalary we aç-açanlygy getirer diýlip umyt edilipdi.

Ýurtda täze prezidentiň baştutanlygynda käbir ujypsyz üýtgeşmeler bolan hem bolsa, Türkmenistan entegem dünýäniň iň ýapyk we iň repressiw ýurtlarynyň sanawyndan çykyp bilenok.
XS
SM
MD
LG