Sepleriň elýeterliligi

Okuw kynçylygyndan gazanç edilýär


Pul salynýan torbalar

Pul salynýan torbalar

Iýun bilen sentýabr aýlarynyň aralygy orta mekdebi tamamlan okuwçylar üçin her ýyl ýylyň iň gyzgalaňly döwri bolýar. Iýunda mekdebi tamamlanlar, sentýabrdan öň ýokary okuw jaýlaryna girmeli. Talap kän, ýokary okuw jaýlarynda-da okuw orunlary az bolansoň, bu aňsat synag däl.

Türkmenistanda her ýyl 110,000-e golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar. Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna bolsa jemi 6,000 töweregi talyp kabul edilýär. Ýagdaý şeýle bolansoň, okuwçylaryň aglaba böleginiň ýeke-täk çykalgasy ýokary okuw üçin daşary ýurtlara gitmek.

Daşary ýurt okuw jaýlaryna girmek hem aňsat däl, ynha, şu pursatda türkmenabatly talyplaryň dadyna Hydyr atly ýaşaýjy ýetişýär. Hydyr türkmenistanly okuwçylaryň daşary ýurt okuw jaýlaryna girmegine kömek edýär. Bu onuň eklenç çeşmesi.

Hydyr öz käriniň syry barada o diýen dil ýarmaýar, emma onuň ugradýan okuwçylary, esasan, GDA ýurtlarynda ýerleşýän uniwersitetler bolup, olar aglaba Belarus, Ukraina we Orsýet ýaly ýurtlarda ýerleşýär.

Şol ýurtlarda ýerleşýän okuw jaýlaryna girmäge isleg bildirýän okuwçylar degişli dokumentleri bilen Hydyra ýüzlenýärler. Hydyr hem öz tölegini alyp, okuwçyny okuwa ýerleşdirmegiň ugruna çykýar.

Ortaça 500-2000 amerikan dollary

Hydyryň tölegi, okuwçynyň giren uniwersiteti we okuwa baran ýurduna hem şäherine görä üýtgeýär. Onuň aýtmagyna görä, onuň her okuwçydan alýan tölegi ortaça 500-2000 amerikan dollary aralygynda. Bu pul diňe Hydyryň gapjygyna girenok, ondan Hydyra kömek edýän beýleki adamlara hem paý berilýär.

Hydyr özüne düşýän puluň näçedigi barada takyk maglumat bermeýär. Emma onuň her ýyl 30-40 okuwçyny daşary ýurtlara iberip, iýun-sentýabr aralygyndaky gazanjy bilen tutuş ýyl eklenýändigini göz öňüne getirilende, onuň girdejisiniň ep-esli bolýandygyny çaklamaga esas bar.

Türkmenistandan her ýyl döwletiň hasabyna 3,000-den gowrak okuwçynyň ýokary okuw üçin daşary ýurtlara iberilýändigi barada käbir maglumatlar bar, emma näçe okuwçynyň öz hasabyna gidýändigi barada takyk maglumat ýok.

Ýöne Ukrainanyň Magaryf ministrligine degişli çeşmelerden alnan maglumata görä, Ukraina daşary ýurtlardan okamaga gelýän talyplaryň arasynda Türkmenistan Hytaýdan soň ikinji orunda durýar.

Müňlerçe talyp

Hatda Ukrainada okaýan türkmenler öz aralarynda degşip, Ukrainanyň Harkow şäherini Türkmenistanyň altynjy welaýaty diýip hem atlandyrýarlar. Çak bilen aýdylanda, Türkmenistandan Ukraina okamaga baran talyplaryň sanynyň müňlerçedigini aýtsa bolar.

Olaryň aglabasy Ukrainada Harkow we Kiýew şäherlerinde, Belarusda Minskde, Orsýetde Sankt-Peterburgda, Gyrgyzystanda Bişkekde okaýarlar. Belarusda okaýan türkmenleriň sanynyň 10 müňe golaýdygy barada hem maglumatlar bar.

Ýokary okuw üçin Türkiýä gidýänlerem müňlerçe, emma türkmenistanlylara Hydyryň hödürleýän mümkinçiliginden peýdalanmaga itergi berýän zatlardan biri hem GDA ýurtlarynda okuwyň rus dilinde bolmagy; ikinjiden hem, Günbatar bilen deňeşdirilende okuw töleginiň arzandygy.

Agzalýan ýurtlarda ýerleşýän ýokary okuw jaýlarynyň aglabasynyň ýyllyk tölegi 2-3,000 dollar aralygynda. Elbetde, okuwçylaryň ýyllyk çykdajylary olaryň ýaşaýan ýerleri, durmuş endikleri, şeýle-de ýerleşýän şäherine görä üýtgeýär.

"Mugt" diýilýän ýokary okuw jaýlary

Şol bir wagtyň özünde-de Türkmenistanda mugt diýilýän ýokary okuwa jaýlaryna girmek üçin tölenýändigi aýdylýan paranyň möçberi bilen deňeşdirilende, käbir daşary ýurtlarda öz hasabyňa okanyň has arzan düşýär diýýän talyplar hem bar.

Tassyklanmadyk, emma il arasynda ýaýran maglumatlardan çen tutulsa, Türkmenistanda iň gymmat diýlip hasaplanýan fakultetler hukuk hem medisina fakultetleri bolup, käbir maglumatlara görä, şol fakultetlere girmek üçin takmynan 20,000 dollar para bermeli.

Bu ýagdaý hem käbir okuwçylaryň ýurtdaky uniwersitetlere asla girmäge synanyşman, göni daşary ýurtlardaky okuw jaýlarynyň ýoluny agtarmagyna getirýär. Bu isleg daşary ýurt diplomlarynyň kabul edilip başlanmagy sebäpli hasam artdy. Mälim bolşuna görä, ýurtda daşary ýurt diplomlary 2007-nji ýyldan bäri kabul edilýär.

Hydyr şeýle pursatdan peýdalanýanlardan diňe biri. Talap ýokary bolansoň, okuwçylara daşary ýurt okuw jaýlaryna girmäge kömek edýändigini aýdyp, il içinde käbir aldawçylaryň hem tapylandygy, olaryň “okuwa saljak” diýip aldap, okuwçylaryň pullaryny alyp, soňra-da ýitirim bolýan gezeklerine-de şaýat bolunýandygy aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG