Sepleriň elýeterliligi

Kerri Karzaý bilen maslahatlaşýar


Döwlet sekretary Jon Kerri bilen owgan prezidenti Hamid Karzaý Kabulda Owganystandaky ABŞ güýçleriniň geljegini kesgitlemeli şertnama babatdaky ylalaşmazlyklary aradan aýyrmaga gönükdirilen gepleşik geçirdiler.

Kerri bilen Karzaýyň şenbe güni hem maslahat etmeklerine garaşylýar. Amerikan resmisi anna güni geçirilen gepleşiklerden soň žurnalistlere «öňde duran meseleleriň aglaba köplüginde pikir tapawudynyň azalandygyny» aýtdy.

Emma ol Birleşen Ştatlaryň we Owganystanyň şu aýyň aýagynda, Waşingtonyň isleýşi ýaly, ikitaraplaýyn howpsuzlyk şertnamasyny baglaşyp bilmegi üçin ýeterlik progresiň gazanalandygyny aýtmakdan ýüz öwürdi.

Bu şertnama 2014-nji ýylyň aýagynda daşary ýurt söweş goşunlary ýurtdan çykansoň, owgan goşunlaryna tälim we terrora garşy kömek bermäge galýan amerikan güýçleriniň Owganystandaky düzgün-şertlerini kesgitlmeli.
XS
SM
MD
LG