Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň "Talyban" lideri tutuldy


Birleşen Ştatlar amerikan güýçleriniň pakistan «Talybanynyň» uly derejeli liderini ele salandyklaryny tassyk etdi.

Döwlet departamentiniň sözçüsi Mari Harf Birleşen Ştatlaryň güýçleri harby operasiýada Latif Mehsudy tussag etdi diýdi.

Ol ony pakistan «Talybanynyň» uly serkerdesi hem-de pakistan talyplarynyň lideri Hikmetulla Mehsudyň “ynamdar wekili” diýip atlandyrdy.

Birleşen Ştatlaryň sözçüsi Latif Mehsudyň nirede we haçan ele salnandygyny aýtmady. Emma muňa garamazdan, habarlarda onuň Owganystanda ele düşendigi aýdylýar.

2010-njy ýylda Nýu-Ýorkuň Taým skwerinde gurnaljak bolan bomba partlamasynyň jogapkärçiligini pakistan «Talybany» öz üstüne alypdy.
XS
SM
MD
LG