Sepleriň elýeterliligi

Malala Obama bilen duşuşdy


Pakistanly magaryf aktiwisti, geçen ýyl «Talybanyň» kast ediş hüjüminden aman gutulan Malala Ýusufzaý Ak tamda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen duşuşdy.

Ak tamyň beýanatynda Obamanyň we onuň aýaly Mişeliň anna güni bolan duşuşykda 16 ýaşly Malala onuň pakistanly gyzlaryň bilimi ugrunda alyp barýan ruhlandyryjy we yhlasly işi üçin sagbol aýdandygy habar berilýär.

Ýusufzaý hem öz gezeginde Obama Amerikanyň Pakistanda we Owganystanda bilimi goldamak, siriýaly bosgunlara okuw mümkinçiligini döretmek ugrunda edýän işleri üçin sagbolsun aýdandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol dron hüjümleriniň, adamsyz uçarlardan urulýan zarbalaryň terrorizme meçew berýändigi baradaky aladamy bildirdim diýdi.

«Bu hereketlerde bigünä adamlar ölýär, onsoň bular pakistan halkynyň arasynda kine döremegine getirýär, eger biz bilime has köp üns bersek, bu has gowy täsir döreder diýdim» diýip, Ýusufzaý aýtdy.
XS
SM
MD
LG