Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: telefon ýazgylary toplanmaly


Daşary ýurtlardaky terror we içalyçylyk nyşanalarynyň amerikan gulluklary tarapyndan gözegçilikde saklanmagyna esewan edýän ABŞ sudy Milli howpsuzlyk gullugynyň Birleşen Ştatlardaky adamlaryň telefon ýazgylaryny toplamagy dowam etdirmeklerine ygtyýar berdi.

Birleşen Ştatlaryň Milli aňtaw gullugynyň direktory Jeýms Klapperiň anna güni ýaýradan beýanatynda Daşary ýurt aňtaw gözegçiligi sudunyň öz tassyknamasyny berendigi aýdylýar.

Klapper bu açylyşyň Obama adminstrasiýasynyň amerikan aňtaw gulluklarynyň Birleşen Ştatlardaky çeşmelerden toplan maglumatlarynyň nähili ulanylýandygyny gowurak düşündirmek ugrundaky tagallasynyň bir bölegidigini aýtdy.

Şu ýazda Milli howpsuzlyk gullugynyň öňki işgäri Edward Snowdeniň syzdyrmalary amerikan gulluklarynyň ABŞ raýatlarynyň kime we näçe wagt telefon edenligini görkezýän maglumatlary toplandygynyň üstüni açdy.

Käbir tankytçylar bu hili gözegçiligiň şahsy durmuşa gatyşmakdygyny aýdyp, onuň terrorçylyga garşy ulanylmak ähtimallygyny sorag astyna aldy.
XS
SM
MD
LG