Sepleriň elýeterliligi

Hindistanda 400 müň adam ewakuasiýa edildi


Hindi resmileri Bengal aýlagyndan süýşüp gelýän ägirt uly siklon zerarly 400 müňden gowrak adamy ýaşaýan ýerlerinden ewakuasiýa edendiklerini aýdýarlar.

Feýlin siklonynyň şenbe güni giçlik gündogardaky Orissa we Andhra Pradeş ştatlaryna gelip urmagyna garaşylýar.

Meteorologiýa departamenti «gyzyl habar» duýduryşyny çap edip, bu tupanyň her sagatda 220 km tizliginde ýel getirmegine garaşylýandygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Harby-deňiz goşunlarynyň bilelikdäki tupan duýduryş merkezi bolsa, bu ýeliň her sagatdaky tizliginiň 315 km boljagyny çaklaýar.

Hindi resmileri siklonyň 3 metr belentliginde gom tolkunlaryny getirjege we munuň kenar ýakalarynda çig kerpiçden salnan jaýlara uly zyýan ýetirjege meňzeýändigini aýtdylar.

Orissa ştatanyň paýtagtynda, dowla düşen ilatyň aldygyna azyk satyn almagy zerarly, dükanlarda azyk harytlarynyň juda azalandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG