Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Malala: 16 ýaşyndaky gahryman


Malalanyň hekaýaty
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:09:05 0:00

Malalanyň hekaýaty

Wideodaky ýetginjek gyz pakistanly Malala Ýusufzaý: ol belkem häzirki döwürde dünýäniň iň meşhur şahsyýetlerinden biri. Malala Ýewropa parlamentiniň "Saharow" adyndaky baýragyna mynasyp bolan iň ýaş aktiwist.

Malalanyň eýýäm iňlis dilinde bir kitaby çapdan çykdy. Ol gyzlaryň bilimi ugrunda alnyp barylýan halkara proýektiň dolandyryjylaryndan biri we onuň proýektdäki beýleki kärdeşi Britaniýanyň öňki premýer ministri Gordon Browndyr.

Malala BMG-niň Baş sekretary Pan Gi-Mun bilen BMG-niň kürsüsinde çykyş eden, hat-da BMG tarapyndan “Malalanyň halkara güni” diýilip ykrar edilen güne eýe bolan belkem gaty seýrek şahsyýetlerden biri.

Ol 11-nji oktýabrda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň çakylygy bilen Ak tamda Obama maşgalasy bilen hem duşuşdy. Garaz garyp maşgalada dünýä inen bu gyz, häzirki döwürde halkara gahrymana öwrüldi.

Malalanyň bu derejä ýetmegi Talyban hereketiniň haýbatlaryna garamazdan onuň pakistanly gyz çagalaryň mekdebe gatnamagy ugrunda alyp baran göreşi bilen baglydyr. Ol bu göreşini Talyban tarapyndan oka tutulandygyna garamazdan dowam etdirýär.

Malala we onuň alyp baran göreşi, ýeten sepgitleri siziň üçin nämäni aňladýar?

Bu nobatdaky ýaşlar programmamyzyň esasy temasy bolar. Öz pikirleriňizi aşakdaky teswir bölüminde galdyryp, programma gatnaşmak üçin bolsa hat@azatradio.org e-mail adresimize hat ýazyp biziň bilen habarlaşyp bilersiňiz.
XS
SM
MD
LG