Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Edebiýat we sungat: Däpler hem-de ideologiýa?


Dutar çalyp oturan adamyň we atyň heýkeli
Dutar çalyp oturan adamyň we atyň heýkeli
Türkmenistanda her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňünden dürli bäsleşikleriň jemini jemlemek, edebiýat, sungat eserleri üçin döwlet sylaglaryny gowşurmak adat boldy.

Şol bir wagtda soňky iki onýyllykda Türkmenistanda edebiýatyň, sungatyň pese düşendigi ýa-da hakyky ilhalar eserleriň çykybermeýändigi baradaky pikirler köp eşidilýär.

Emma döwlet tarapyndan geçirilýän bäsleşiklerde baýrak, sylag alýanlaryň sany, at-dereje berilýänleriň köpelmegi bu pikire garşy gelýär.

Käbirleri soňky ýyllarda türkmen sungatynyň ösendigini aýdýar, emma edebiýatyň we sungatyň ideologiýa, dar çygyrdaky syýasata gurban edilýändigini, bu ýagdaýyň medeniýet wekilleriniň hakyky borçlarynyň unudulmagyna, olaryň il içindäki asyrlyk at-abraýynyň aşak gaçmagyna getirýändigini aýdýanlar hem bar.

Eýsem Türkmenistanyň edebiýat, sungat meýdanynda nämeler bolup geçýär?

Azatlyk Radiosy nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşligini şu tema bagyşlamagy makul bildi.

Pikirleriňizi, bellikleriňizi iberseňiz, söhbete goşulsaňyz, hoşal bolarys.
XS
SM
MD
LG