Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan harbylary dialogy goldaýar


Pakistan harbylarynyň baş serkerdesi goşun hökümetiň yslamçy jeňçiler bilen gepleşmek syýasatyny goldaýar diýdi.

General Aşfak Parwez Kaýani bu sözleri şenbe güni Abbotabatda, Pakistanyň Harby Akademiýasynda aýtdy.

Ol gepleşikler parahatçylyga eltse, goşun örän hoşwagt bolar diýdi. Ýöne ol gerek bolsa, harbylaryň bu meseläni güýç bilen hem çözüp biljegini duýdurdy.

Noýabrda goşun serkerdeliginden dynç alşa çykýan Kaýany yslam jeňçiligine tapylan islendik çözgüdiň ýurduň Baş kanunyna laýyk bolmalydygyny nygtady.

Premýer-ministr Nawaz Şarif müňlerçe adamyň ölümine getiren söweşi soňlamak üçin «Talyban» bilen gepleşmek planlaryny öňe sürýär. Emma bu gepleşikler häzire çenli kän netije bermeýär.
XS
SM
MD
LG