Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Senaty ylalaşyk agtarýar


Birleşen Ştatlaryň Senaty ýekşenbe güni sessiýa geçirip, petiklenen hökümeti gaýtadan açmak we bergi-borja batmakdan gutulmak üçin amerikan kanunçylarynyň eglişige gelmegini gazanmaga çalyşmaly.

Senat köplüginiň lideri, demokrat Harri Riýd şenbe güni Senatyň respublikan lideri Mitç MakKonnel bilen başlangyç duşuşyk geçirdi.

Riýd bu gepleşigiň “aňrybaş derejede ýürekdeş, ýöne örän deslapky” bolandygyny aýtdy.

Penşenbe güni, hökümetiň çökmeginiň öňünden gaçmak üçin, bergi çägini ýokarlandyrmagyň ahyrky güni.

Şu arada Bütindünýä bankynyň prezidenti, eger amerikan kanunçykaryjylary gapma-garşylygy çözmese, Birleşen Ştatlaryň heläkçilige tarap süýşüp barýandygyny duýdurdy.

Jim Ýoň Kim şenbe güni, eger ABŞ-nyň Kongresi 16.7 trillion dollar karz alyş petigini ýokarlandyrmasa, Birleşen Ştatlar we beýleki dünýä ykdysadyýetleri has ýokary prosent tölegleri, ynamyň peselmegi we ösüşiň haýallamagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar diýdi.
XS
SM
MD
LG