Sepleriň elýeterliligi

Iki million musulman Haj zyýaratyna başlady


Saud Arabystany, Mekgedäki uly metjitde namaz wagty, 8-nji oktýabr, 2013.

Saud Arabystany, Mekgedäki uly metjitde namaz wagty, 8-nji oktýabr, 2013.

Iki million çemesi zyýaratçy ýekşenbe güni, heläkçilikli MERS wirusy sebäpli dörän aladalaryň arasynda, Saud Arabystanynda ýyllyk Haj zyýaratyna başlady.

Zyýaratçylar mukaddes şäher Mekgeden golaýdaky Mina ýol bilen, pyýada, otluly ýola düşdiler.

Zyýaratçylar Minada namaz okap, duşenbe güni Arafat dagyna çykýançalar 45 müň sany oda ýanmaýan çadyrda dynç alarlar.

Saud Arabystany MERS wirusyndan ölen adamlaryň sany boýunça dünýäde iň ýokarda durýar, ol ýerde bu wirusyň ýokuşan 60 adamsyndan 51-siniň heläk bolandygy aýdylýar.

Zyýaratçylar Mekgede öýle namazyny okaýar.10-njy oktýabr, 2013.

Zyýaratçylar Mekgede öýle namazyny okaýar.10-njy oktýabr, 2013.

Onsoň zyýaratçylaryň bu wirusy, yzlaryna dolanyp gelenlerinde, öz ýurtlaryna hem getirmek ähtimallygyndan alada edilýär.

Saud Arabystanynyň saglyk ministri Abdulla Al-Rabia şenbe güni žurnalistlere häkimiýetleriň häzire çenli zyýaratçylaryň arasynda wirus ýokuşan adama duşmandyklaryny aýtdy.

MERS heläkçilikli, ýöne SARS wirusynyň az ýokuşýan görnüşi diýip bilinýär. SARS wirusy 2003-nji ýylda Aziýada birnäçe ýüz adamyň ölümine sebäp bolupdy.

Saud häkimiýetleri haja gelenler üçin ägirt uly mukdarda saglyk we raýat gorag resurslaryny mobilizledi.

Hökümet zyýaratçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin 100 müňden gowrak esgeri goraga taýýar etdi. Içeri işler ministri, general Mansur al-Turki şenbe güni metbugata häkimiýetler zyýaratçylaryň howpsuzlygyna wehim salyp biljek hiç bir herekete ýol bermez diýdi.

Gözegçilik kameralary

Mekgäniň töweregindäki mukaddes ýerler 4200 sany ýokary tehniki mümkinçiligi bolan kamera arkaly gözegçilikde saklanýar. Ol kameralaryň käbiri 60 km aralyga çenli gözegçilik etmek mümkinçiligini berýär.

Geçmişde haj zyýaratlary heläkçilikli hadysalar, şol sanda suw joşgunlary, depeşekler we ýangynlar bilen utgaşan bolsa, her ýyl köp milliard dollar harçlanýan işleriň amal edilmegi bilen, soňky ýyllarda zyýaratlar tas hadysasyz geçýär.

Şu ýyl Haja gelen iki million zyýaratçynyň 1.4 million çemesi daşary ýurtlardan. Bu geçen ýyldakydan azrak, ýagny geçen ýyl daşary ýurtlardan 1.75 million zyýaratçy gelipdi. Munuň sebäbi Saud Arabystany bu ýyl daşary ýurtlardan gelýän zyýaratçylaryň möçberini 20 prosent kemeltdi.

Şeýle-de häkimiýetler ýerli zyýaratçylaryň hem möçberini ýarpy azaltdylar. Bu kemeltmeler MERS wirusynyň gorkusy we bu sebitdäki gurluşyk işleri netijesinde ýaşaýyş jaý mümkinçilikleriniň azalmagy bilen bagly.
XS
SM
MD
LG