Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet hadysasynda 13 migrant öldi


Orsýetiň günortasyndaky Samara sebitinde mini awtobus bilen ýük maşynynyň çakyşmagy netijesinde daşary ýurtly işçileriň 13-si heläk boldy.

Itar-Tass ýerli adatdan daşary ýagdaýlar edarasyna salgylanyp, şenbe gijesi bolan ýol hadysasynda ýene iki adamyň agyr ýaralanandygyny ýazýar.

Habarda bu iki maşynyň pete-pet gelendigi we çakyşykdan soň mini awtobusuň ot alandygy aýdylýar.

Polisiýanyň sözçüsi mini awtobusuň sürüjisiniň roluň başynda uklandygyny, netijede ulagyň garşylykly ýola geçendigini aýtdy.

Onuň üstünde 14 ýolagçy, 11 özbek, iki täjik, bir azeri bar eken.

36 ýaşly sürüji saklandy, ol hadysa ýarylan tekeriň sebäp bolandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG