Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada žurnalist talandy


Orsýetiň oppozision neşiri bolan «Nowaýa gazetanyň» baş redaktorynyň orunbasary Sergeý Sokolowyň Moskwada urlandygy we talanandygy aýdylýar.

Interfaks, polisiýa çeşmelerine salgylanmak bilen, Sokolowyň şenbe güni öýüne barýarka urlup, elindäki sumkasynyň ogurlanandygyny aýdýar.

Onuň sumkasynda laptop kompýuteri we hard disk bar eken.

Çeşmeler Sokolowyň hassahana alnyp gidilendigini we şol ýerde saglyk kömegini alyp, hassahanada ýatmakdan boýun gaçyrandygyny aýdýarlar.

«Nowaýa gazetanyň» baş redaktory Dmitriý Muratow bu hüjümi tasyk etdi.

Sokolow 2012-nji ýylda Orsýetiň Derňew komitetiniň başlygy Aleksandr Bastrikiniň özüne haýbat atandygyny habar beripdi.

Žurnalistiň aýtmagyna görä, Bastrikin Sokolowyň ýazan makalasyny halaman, ony tokaýa alyp gidip, öldürerin diýip haýbat atypdyr.

«Nowaýa gazeta» resmi korrupsiýa we kanun bozmalar baradaky derňew makalalalary bilen meşhur.
XS
SM
MD
LG