Sepleriň elýeterliligi

"Talyban" lideri duýduryş berdi


Owganystanyň “Talyban” hereketiniň lideri Kabul Birleşen Ştatlar bilen howpsuzlyk ylalaşygyna gol goýsa, öz söweşijileriniň ýurtdaky uruşy dowam etdirjekdigini aýdyp, duýduryş berdi.

Duşenbe güni Mollah Omar 2014-nji ýyldan soň ABŞ-nyň harbylarynyň Owganystanda galmagy hakynda gelinjek howpsuzlyk ylalaşygyň ýurtda urşuň dowam etmegine alyp barjakdygyny we onuň “erbet netijeleriniň boljakdygyny” aýtdy.

Mollah Omaryň bu beýanaty Gurban baýramyndan bir gün ozal emeýl arkaly habar serişdelerine ýaýradyldy.

Owgan prezidenti Hamid Karzaý we Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri ikitaraplaýyn şertnama barada deslapky ylalaşyga geldiler. Ýöne 2014-nji ýyldan soň amerikan esgerleriniň eldegirmesizdigi hakyndaky meseleler heniz çözülmedi.

Karzaý şertnama barada takyk netijä gelmezden ozal “Loýa Jirga” bilen maslahatlaşjakdygyny aýtdy. “Loýa Jirga” Owganystanyň taýpa ýolbaşçylarynyň assambleýasydyr.
XS
SM
MD
LG