Sepleriň elýeterliligi

Bişkek: Sudýalar işden boşadyldy


Gyrgyzystanda üç oppozision kanun çykaryjynyň jedelli türmeden boşadylmagy bilen bagly Bişkegiň şäher sudundaky iki kazy wezipesinden çetleşdirildi.

Gyrgyzystanyň prezidentiniň metbugat edarasynyň duşenbe güni beren maglumatyna görä, prezident Almazbek Atambaýew oppozision “Ataýurt” partiýasyndan bolan kanun çykaryjylaryň türmeden boşadylmagynda “bikanun netijä” gelendigi üçin kazylar Kurmanbek Zuluşewi we Mederbek Satiýewiň wezipesinden boşadylmalydygy barada karara gol goýdy.

Mart aýynda kanun çykaryjylar Kamçybek Taşyýew, Sadyr Japarow we Talant Mamytow hökümeti agdarmaga synanyşmakda aýyplanyp tussag edilipdiler. Olar bir ýyl bilen 18 aý aralygyndaky türme tussaglygyna höküm edilipdiler.

Iýun aýynda geçirilen sud diňlenişigi döwründe kanun çykaryjylaryň tarapdarlarynyň kazylara hüjüm etmegi netijesinde olar aklanypdylar.
XS
SM
MD
LG