Sepleriň elýeterliligi

Damaskda partlama boldy


Ýekşenbe güni Siriýanyň paýtagtynda iki sany bombaly ulag partladyldy. Döwlet eýeçiligindäki “Sana” habar gullugynyň beren maglumatyna görä, Damaskyň merkezindäki Ummaýad meýdanynyň golaýynda “terroristler” iki bomba partlamalaryny amala aşyrypdyrlar.

Maglumata görä, partlamanyň netijesinde telewideniýe we radio Merkezine zeper ýetipdir, ýöne wakada ýaralanan bolmandyr.

Mundan ozal hem Siriýanyň demirgazyk-günbatarynda ýaragly adamlaryň Gyzyl haç guramasynyň alty işgärini we Siriýanyň arap gyzyl ýarymaý guramasynyň ýerli meýletin işgärini alyp gaçandygy habar berilipdi.

Halkara Gyzyl haç guramasy işgärleri alyp gaçan näbelli ýaragly adamlar bilen aragatnaşyga geçip bilmändiklerini, ýöne ýedi işgäriň derhal goýberilmegi üçin ýüz tutandygyny habar berýär.
XS
SM
MD
LG