Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: 1200 migrant tussag edildi


Duşenbe güni Russiýanyň bag-bakja önümi saklanýan ammarynda polisiýa Merkezi Aziýadan we Kawkaz ýurtlaryndan Moskwa işlemäge baran takmynan 1200 töweregi zähmet migrantyny tussag etdi.

Zähmet migrantlarynyň tussag edilmegi Moskwada soňky üç ýylyň dowamynda bolan iň erbet migrantlara garşy gönükdirilen durnuksyzlyklaryň birinden bir gün soň amala aşyryldy.

Ýekşenbe güni gozgalaňçylaryň Moskwanyň Birýulowa etrabyndaky ammara hüjüm etmegi netijesinde jemi 23 adam, şol sanda sekiz polisiýa ofiseri ýaralandy.

Şeýle-de, duşenbe güni Moskwanyň polisiýasy ammaryň töweregindäki ulagda 3 million rubl, ýagny 93 müň amerikan dollary, pyçak hem-de üç sany ýaragy ele salandygyny mälim etdi.

Ýekşenbe günki bolan ýowuzlyklar penşenbe güni ýaş rus ýigidiniň öldürilmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Ýaşlary bir bölegi rus ýigidiň öldürilmeginde kawkazly adamy aýyplaýar.

Bu ýowuzlyklardan soň takmynan 400 töweregi adam tussag edildi. Ýöne olaryň aglabasy tussag edilenden birnäçe sagat soň azatlyga goýberildi.

Tussag edilenleriň 70 sanysynyň gaýtadan sorag-jogaba çekilmegi soraldy. Tussag edilen protestçileriň ikisi heniz hem türmede saklanylýar.

Duşenbe güni Moskwanyň polisiýasy bidüzgünçilikleri edenlere garşy jenaýat işiniň başladylandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG