Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Dalaşgärlere nägilelik bildirildi


Öňki yslamçy meýdan komandiri Abdul Rab Rasul Saýaf Garaşsyz saýlaw komissiýasynda, Kabul, 3-nji oktýabr, 2013.

Öňki yslamçy meýdan komandiri Abdul Rab Rasul Saýaf Garaşsyz saýlaw komissiýasynda, Kabul, 3-nji oktýabr, 2013.

Owganystanda indiki ýylyň bahar aýlarynda boljak prezidentlik saýlawlaryna taýýarlyk görülýärkä, ýurtda käbirleri regional derejede täsirli adamlaryň we öňki meýdan komandirleriniň prezidentlik wezipesi ugrundaky bäsdeşlikden çykmagyny isleýärler.

Owganystanyň saýlaw resmileri prezidentlige potensial dalaşgärleriň sanawyny barlaýarka, käbir adamlar öňki meýdan komandirleriniň dalaşgärleriň sanawyndan çykarylmagyny isleýärler.

Owganystanlylar 1990-njy ýyllaryň graždanlyk urşuny ýatlaýarlar. Şonda meýdan komandirleriniň gatnaşmagynda bolan gyrgynçylyklar zerarly parahat ilatdan onlarça müň adam öldürilipdi.

Prezidentlige dalaşgär reformaçy syýasatçy we Dünýä Bankynyň öňki ýolbaşçylarynyň biri Aşraf Ghani Ahmadzaý, öz geljekki wise-prezidenti hökmünde general Abdul Reşit Dostumyň kandidaturasyny hödürlänsoň, berk tankyda duçar boldy.

Berk ýazgarylýanlaryň arasynda owgan salafitleriniň lideri Abdul Rab Rasul Saýaf we onuň ýarany Ismail Han hem bar. Saýaf paýtagt Kabulda eden-etdilige ýüz urmakda, Ismail Han bolsa Owganystanyň günbataryndaky Hyrat welaýatyny öz islegine görä dolandyrmakda aýyplanýar.

Hazarylaryň esasy dalaşgäri Mohammad Mohakik söweşijileriň lideri bolan döwründe adamlaryň hak-hukuklaryny depelemek ýaly hereketlerde aýyplandy.

7-nji oktýabrda, dalaşgärleriň atlary sanawa girizilensoň, köp owganlar sosial ulgamlary arkaly öz nägileliklerini mälim edip başladylar.

Owganystanlylaryň garaýyşlary

Facebook sosial ulgamynyň ulanyjysy Wadood Paşton Dostumyň ýakynda ötünç sorap eden çykyşyny ýaňsylady. Ol Dostumyň graždanlyk urşunyň dowamynda goýberen ýalňyşlyklary üçin ötünç soramagynyň gowy ädimdigini belledi, emma “eger men Dostumyň ähli garyndaşlaryny öldürip, yz ýany ötünç soran bolsam ol meni bagyşlarmydy?” diýen sowaly orta atdy.

Kabul uniwersitetiniň kanun boýunça professory Wadir Safi şübheli geçmişli syýasatçylaryň prezidentlik bäsdeşligine gatnaşmagyna Günbatar ýol berýär diýip hasap edýär. Şol bir wagtda Safi uruş jenaýatkärleriniň prezidentlik bäsdeşliginden çetleşdirilmeginiň Owganystanyň parahatçylygyna ýardam berip biljekdigini belledi.

Aýallaryň hak-hukuklaryny goraýjy meşhur aktiwist Suraýa Parlika öňki meýdan komandirleriniň saýlawlara dalaşgär hökmünde gatnaşmagyna owgan zenanlarynyň örän aladaly garaýandyklaryny aýdýar. Suraýa saýlaw resmilerini 16-njy noýabrda tassyklanjak saýlaw sanawlaryndan meýdan komandirlerini çykarmaga çagyrýar

Şol bir wagtyň özünde-de owgan häkimiýetleri potensial dalaşgärleri saýlaw sanawyndan çykarmaga näderejede ygtyýarly diýen sowal jogapsyz galýar.

Adam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasy owgan hökümetine ýüzlenip, meýdan komandirleri babatynda ýaňy-ýakyndaky geçirilen amnistiýalary we saýlaw prosesine girizilen üýtgetmeleri ýatyrmaga çagyrdy. Bu üýtgetmeler, hususan-da, geçmişdäki jenaýatçylyklary üçin aýyplanýan şahslaryň dalaşgärleriň sanawyndan çykarylmagyna päsgel berýär.

Guramanyň Aziýa bölüminiň müdiri Brad Adams käbir dalaşgärleriň jenaýatçylyklary barada maglumatyň toplanandygyny aýdýar. Human Rights Watch guramasy Dostumyň, Saýafyň we Mohakigiň hukuk bozmalary barada habar berýär.
XS
SM
MD
LG