Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Horak: "Magaryf pudagynda galyp bar, mazmun ýok"


Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Golaýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisleriniň birinde prezident G.Berdimuhamedow bilim ulgamyny ösdürmek üçin ilkinji nobatda görülmeli möhüm çäreler hakynda durup geçdi we şunuň bilen birlikde esasy edilmeli işleriň hatarynda on wezipäni kesgitledi.

Bu ugurda beýleki görülmeli çäreler bilen birlikde okuw görkezme esbaplaryny, elektron okuw kitaplaryny taýýarlaýan merkezi döretmek; mugallymlaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak hem bellenilýär.

Türkmenistanyň döwlet habar serişdeleri hem ýurduň bilim pudagynda uly özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny, täze mekdepleriň açylýandygyny, synplaryň multimedia enjamlary bilen üpjün edilýändigini aýdyp gelýärler. Şol bir wagtda, 2013-2014-nji okuw ýylyndan başlap, mekdepleriň 12 ýyllyk bilim sistemasyna geçirilmegi-de aýratyn nygtalýar.

Emma bilim pudagy boýunça halkara ekspertler Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işleriniň howul-hara, hiç hili taýýarlyksyz, diňe “göz üçin” geçirilýändigini aýdaýarlar.

Ýakynda Pragada ýerleşýän Çarles Uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary öwrenýän bölmüniň işgäri, Merkezi Aziýa, hususanda, Türkmenistan boýunça ekspert Slawomir Horak “Türkmenistanyň bilim pudagyndaky reformasy: Mazmunsyz ýagşy niýet” atly işini çap etdi. Azatlyk Radiosy Slawomir Horak bilen ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Slawomir, siziň Türkmenistanyň bilim pudagy bilen bagly taýýarlan işiňize içgin girişmezden ozal, onuň mazmuny, öňde goýan maksatlary barada gysgaça gürrüň beräýseňiz?

Slawomir Horak: Men gürrüňi gidýän işimizi şu ýyl Waşingtona eden saparymyň çäginde taýýarladym. Şonda Jon Hopkins Uniwersitetinde Türkmenistanyň bilim pudagyna bagyşlanan ýörite seminar gurnalypdy.

Men şonda Türkmenistanyň 2007-nji ýyldan häzire çenli bilim pudagyndaky amala aşyran reformalary barada ýörite iş bilen çykyş etdim.

Azatlyk Radiosy: Slawomir, bilşimiz ýaly, şu okuw ýylyndan başlap Türkmenistanda mekdepler 12 ýyllyk bilim sistemasyna geçýär. Siz öz işiňizde bu barada hem aýratyn durup geçipsiňiz. Ilki bilen şu barada maglumat beräýseňiz?

Slawomir Horak: Bolar. Geliň, ilkibaşda bu ugurdaky oňaýly özgertmeler barada gürrüň edeliň. Hawa, dogrudanam, soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň bilim ulgamy, gaty resmi derejede bolsa-da, pozitiw tarapa ymtylyp başlady. Ýurduň bilim syýasatyny halkara derejesine ýetirmek ugrunda, nähili hem bolsa, tagallalar edildi.

Men bu ýerde bir zady aýdyňlaşdyraýyn, “oňaýly özgerdi” diýenimde, men [Saparmyrat] Nyýazow döwründe ýurduň bilimine salnan aýylganç şikeslerden saplanyp başlananlygyny göz öňünde tutýaryn.

Hawa, munuň çäginde, şu ýyldan başlap mekdepleriň 12 ýyllyk bilim sistemasyna geçirilmegini gowy özgeriş hökmünde häsiýetlendirse hem bolar. Ýöne, meniň öz işimde-de nygtaýşym ýaly, bularyň ählisi diňe “göz üçin” edilýär. Daşyndan seretseň, göräýmäge, ähli zat kabul edilen standartlara gabat gelýän ýaly, emma mazmun babatynda, Türkmenistanyň bilim pudagy halkara derejesine golaýlardan daşda.

Azatlyk Radiosy: Slawomir, has anyk mysallar bilen düşündiräýseňiz?

Slawomir Horak: Esasy mesele, bu ýaňky meniň “göz üçin” diýip atlandyran reformalarymyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly.

Slawomir Horak

Slawomir Horak

Birinjiden, mekdeplerdäki häzirki kitap ulgamy bilen okatmak bolmaýar. Munuň üstesine, şäherden çetdäki regionlarda şu kitaplar hem tapdyranok, ýetmezçilik edýär. Mekdeplerde okuw ýyly ýokarlandyrylýar, emma hany kitaplar? Dokuz ýyllykdan 10 ýyllyga geçilende, kitaplar ýetmezçilik edýän bolsa, häzirki 12 ýyllyk barada men gürrüň hem edip oturjak däl. Taýýarlyk ýok, sistema ýok. Okuw ýylynyň artdyrylmagy bilen, okuwçylar näme öwrenmeli? Bu üstünde uzak wagtlap işlenilen, ähli taraplary kesgitlenen bir sistemanyň ýokdugyny görkezýär.

Ikinji we esasy mesele – mugallymlar. Türkmenistanyň bilim sistemasynda mugallymlar, hususanda, gowy mugallymlar ýetmezçilik edýär. Häzirki mugallymlaryň aglaba bölegi Nyýazow döwründe bilim alyp, okuwyny tamamlan adamlardyr.

Şol wagtky ýagaýlarda bilim alan ýaşlaryň, häzir ýokary derejeli hünärment bolup ýetişendigini aýtmak gaty kyn bolaýmasa. Men bular ýurduň durmuşyna, bilim pudagyna nähilidir bir özgertme getirip biler öýdemok.

Garaz, Türkmenistandaky bolýan zatlary “bir ädim öňe, iki ädim yza” diýen ýaňsylaýjy pähim bilen düşündirse bolar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň döwlet habar serişdeleri her aýda diýen ýaly täze bir mekdebiň açylýandygyny, klaslarda multimedia enjamlaryň ornaşdyrylýandygyny belleýär. Siz öz işiňizde bu gymmatbaha mekdepleri guranyňdan, maliýe serişelerini has talabalaýyk ulanyp boljakdygyny ýazýaňyz. Anygrak düşündiräýseňiz?

Slawomir Horak: Bu “halkara derejesine laýyk gelýän mekdepler”, “multimedia synplary” diýilýän zatlar diňe döwlet propagandasy tarapyndan daşary ýurtlara görkezmek üçin edilýär.

Hawa, olar döwrebäp enjamlar bolup biler, emma olary hiç kim ulananok diýen ýaly ahyryn! Mugallymlar olardan nädip doly baş çykarmalydygyny hem bilmeýär-ä!

Meniň bir zady aýratyn nygtasym gelýär, üns beriň, aýratyn belläp geçýärin, bu mekdepler çendenaşa gymmada düşýär. Bu “bilime” diýlip goýberilýän pullaryň aglaba böleginiň diňe 2-3 sany şeýle mekdebe harçlanýandygyny görkezýär.

Netijede näme bolýar? Netijede beýleki şäherdir etraplardaky mekdeplere pul ýetenok, kitap ýetenok we şuňa meňzeş zatlar. Bu hiç kim üçin syr däl: käbir mekdepler durkuny sowet döwründen bäri hem üýtgedenok.

Azatlyk Radiosy: Slawomir, ýene-de iki hepde wagtdan Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramy bellenilip geçilýär. Eýýäm bir aýdan bäri diýen ýaly şol gün geçiriljek dabaralara talyp ýaşlar hem mejbury gatnaşdyrylýar. Siziň pikiriňizçe, bu ýaşlaryň bilim almak mümkinçiligine nähili täsir ýetirýär?


Slawomir Horak: Men size bir zady aýdaýyn, bu bir aýylgançlykdyr. Häzirki bilim mümkinçiliklerine, gowşak mugallymlara hem garamazdan, bu mejbury çäreler ähli zady weýran edýär.

Men bu “marşirowkalaryň” Nyýazow döwründen hem has köp we dowamly geçirilýändigini aýtsam hem öte geçmerin. Aşgabatda ýa-da başga bir ýerde geçirilýän islendik köpçülikleýin çärä okuwçylar, talyplar mejbury gatnadylýar.

Bu yzy gutarmaýan ýörişlerden ýaňa ýaşlaryň okamaga wagty hem ýog-a! Men munuň gowy rusça adyny bilýän, bu “pokazuha”, başga hiç zat däl!

Bu hem meniň öňe sürýän zadymy dolulygyna tassyklaýar, ýagny Türkmenistanda “diňe daşky görnüş bar, mazmun ýok”. Beýle ýagdaýda bilimde hiç hili reforma edip bolmaz.

Azatlyk Radiosy: Slawomir, türkmen hökümeti bilim pudagyndaky reformalary haýsy ugur boýunça amala aşyrsa gowy bolardy?

Slawomir Horak: Bilýäňizmi, Türkmenistanda asyl mesele bilim syýasaty hem däl-de, umuman, ýurduň alyp barýan syýasy ýoly bilen bagly. Türkmenistanyň häzirki bilim ýagdaýy edil aýna ýaly hökümetiň syýasatyny şöhlelendirýär.

Korrupsiýa jemgyýetiň ähli gatlagyna siňipdir. Türkmenistanda bir zatlar gazanjak bolsaň, bir ädim ätjek bolsaň, hökman para-peşgeş bermeli. Şonuň üçin, ilki bilen, režim üýtgemeli. Emma, gynansam-da, men bu ugurda hiç hili oňaýly özgerişi göremok.

Eger-de režimiň alyp barýan syýasaty üýtgemese, bilim pudagynda hem hiç hili özgerişlik bolmaz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG