Sepleriň elýeterliligi

Owgan häkimi öldürildi


Owganystanda ýurduň gündogaryndaky Lagar welaýatynyň häkimi partlamanyň netijesinde öldürildi.

Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň berýän maglumatyna görä, 47 ýaşly Arsala Jamal sişenbe güni Gurban baýramy mynasybetli ýerli metjitleriň birinde çykyş edip duran mahaly öldürilipdir.

Häkimiň metbugat wekili Din Mohammad Darwişiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna laýyklykda, partlaýjy serişde mikrofona ýerleşdirilipdir.

“The Associated Press” habar gullugynyň ýerli polisiýa resmisine salgylanyp berýän maglumatlarynda, partlamada başga-da 15 adamyň ýaralanandygy aýdylýar.

Jamalyň prezident Hamid Karzaýyň ýakyn ýaranlarynyň biri bolandygy aýdylýar. Oňa geçmişde hem ençeme gezek hüjüm edilipdi.

Sişenbe güni amala aşyrylan hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG