Sepleriň elýeterliligi

Krymda metjit otlandy


Ukrainanyň Krym sebitiniň Yslam lideriniň aýtmagyna görä, sişenbe güni näbelli hüjümçiler ýerli metjidiň birini otlapdyrlar. Bu soňky birnäçe günüň dowamynda amala aşyrylan ikinji şeýle hüjümdir.

Ymam Arsen Ýagliýewiň maglumatyna laýyklykda, soňky hüjüm sişenbe güni ir bilen Ronwnoýe obasynda musulmanlar Gurban baýramy mynasybetli namaza durjak wagtlary ýüze çykypdyr.

Duşenbe güni Krymyň Saki obasynda hem metjit otlanypdy.

Krymyň müftüsi ýerli musulmanlara rahatlygy saklamagy ündedi.

Soňky gezek Krymyň metjidi 2010-njy ýylda otlanypdy. Hüjümleriň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG