Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky gürji ministri tutuldy


Gürjüstanyň ozalky goranmak ministri Dawit Kezeraşwili Fransiýada tussag edildi.

Gürjüstanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Nino Giorgobiani sişenbe güni çykyş edip, bu waka bilen bagly goşmaça maglumatlaryň has soňrak aýan ediljekdigini aýtdy.

Fewral aýynda Tbilisiniň şäheri sudy Kezeraşwiliniň parahorlyk aýyplamalary esasynda tussag edilmegi boýunça gaýybana höküm çykarypdy.

Gürjüstanyň prezidenti Mihaýil Saakaşwiliniň ýakyn ýaranlarynyň biri hasaplanýan Kezeraşwili 2006-2008-nji ýyllar aralygynda ýurduň goranmak ministri wezipesinde işläpdi.

Häzirki premýer-ministr Bidzina Iwanişwiliniň “Gürji arzuwy” partiýasy häkimiýete geçenden soň, Saakaşwiliniň “Birleşen Milli Hereket” partiýasynyň wekillerine garşy ençeme derňew işleri gozgalypdy.

Saakaşwili 27-nji oktýabrda geçiriljek prezidentlik saýlawlardan soň wezipesinden gider.
XS
SM
MD
LG