Sepleriň elýeterliligi

Kerkukda 11 adam öldi


Yragyň Kerkuk şäherindäki metjitleriň biriniň daşynda amala aşyrylan bomba hüjüminde azyndan 11 adam öldi, 20-ä golaýy hem ýaralandy.

Partlama sünni musulmanlarynyň Gurban baýramy mynasybetli okalan Baýram namazyndan soň, Al-Qodus metjidinden çykyp barýan mahaly ýüze çykdy.

Bu hüjüm görlen berk howpsuzlyk çärelerine garamazdan hem amala aşyryldy.

Ýekşenbe güni Yrakda ýüz beren gazaplylykda azyndan 25 adam heläk bolupdy.

Aprel aýyndan bäri Yrakda 5 müň çemesi adamyň öldürilendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG