Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa: Gurban baýramy gorky bilen utgaşýar


Merkezi metjidiň öňündäki baýramçylyk namazy, Moskwa, 15-nji oktýabr, 2013.
Merkezi metjidiň öňündäki baýramçylyk namazy, Moskwa, 15-nji oktýabr, 2013.
Musulmanlaryň her ýyl belleýän iň wajyp baýramçylyklarynyň biri bolan Gurban baýramynyň bosagasynda Orsýetiň paýtagtyndaky milletçi pitneçileriň turzan topalaňyndan soň moskwaly musulmanlaryň baýramçylyk şatlygy gorky bilen utgaşýar.

Bu ýagdaý, esasanam, migrant maşgalalary biynjalyk edýär. Galyberse-de, migrant maşgalalaryň aýtmagyna görä, olaryň ýüregine diňe milletçi pitneçileriň hüjümleri däl, eýsem polisiýa işgärleri hem dowul salýarlar.

Moskwaly migrant işçileriň başyna gelen bu kynçylyk ozalam birnäçe gezek gaýtalanypdy. Şonuň üçinem olar özleriniň gorkmaga esaslarynyň bardygyny aýdýarlar.

Şahsyýeti anyklanmadyk bir adam 10-njy oktýabrda ýetginjek etniki orsy pyçaklap öldüreninden soňra paýtagt Moskwada soňky üç ýylyň iň elhenç gozgalaňy turdy. Polisiýa işgärleri ýüzlerçe adamy tussag etdiler. Şahsyýeti näbelli adamyň Kawkaz ýurtlaryndan gelendigi çak edilýär.

Ýekşenbe güni agşam polisýa işgärleri Birýulýowo raýonynynda bidüzdünçilik edip ýören milletçi pitneçileri sakladylar. Pitneçiler raýonyň çäklerinde migrantlary gözläp, gök-bakja önümleri saklanýan ammarlary ýykyp-ýumrup, maşynlary agdaryp, aýnalary döwüp, raýonda topalaň turuzdylar.

Ýöne eýýäm duşenbe güni pitneçileriň hemmesi azatlyga goýberildi. Ynha, indi häkimiýetler gözlerini migrantlara dikdiler.

Migrantlar

Duşenbe güni geçirilen reýdde Moskwaly güýç ulanyjy gulluklar gürrüňi edilen gök-bakja önüm ammaryndan 1200 sany migrant işçini saklady. Bu wakadan bir gün öň milletçi pitneçiler şol ammara çozupdylar. Gelip gowuşýan habarlara görä, polisiýa işgärleri paýtagtyň beýleki ýerlerinde-de reýd geçirip, migrantlary tussag edýärlär.

40 ýaşly Jamal Täjigistandan Orsýete işlemek üçin gelipdir. Milleti özbek bolan Jamal ammarda polisiýanyň geçiren tutha-tutlugyna gözli şaýat bolupdyr. Ýöne ol elinde degişli resminamalary bolsa-da, polisiýanyň hüjüminden gaçyp gutulanyny kem görmändir. Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna interwýu beren Jamal polisiýa işgärleriniň irden sagat 10:00 töwerekleri üýşüp ammara gelişlerini, olaryň “ähli garaýagyzlary” resminamalarynyň sazlygyna ýa-da däldigine garamazdan, awtobuslara ýükläp alyp gidişlerini gürrüň berdi.

36 ýaşly Azamat - eýýäm sekiz ýyldan bäri Moskwada ýaşaýan özbegistanly taksist. Azamat bolup geçen gozgalaňlaryň, bidüzgünçilikleriň hemmesiniň migrantlaryň üstüne atyljakdygyny aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, häzir migrantlaryň her haýsysy bir ýerde gizlenýär. Wakalar barada gürrüň edeninde, Azamadyň gözleri ýaşarýar.

“Şeýle wakalar bolanynda, her gezegem migrantlar ejir çekýär. Migrantlar özge ýurtlarda ýaşaýan we öýleri we hukuklary ýok adamlar. Olar “bikanunlar” diýip atlandyrylýanlardyr” Diýip, Azamat gürrüň berýär.

Ölümli jenaýatyň Orsýetiň paýtagtyndaky milletçileriň degnasyna degmegi birinji sapar bolýan zat däl. 2010-njy ýylyň dekabr aýynda Demirgazyk Kawkazdan gelen bir adamyň futbol janköýeri bolan bir etniki orsy öldürmegi hem edil Kremliň düýbünde bidüzgünçilikleriň we başly-baratlyklaryň bolmagyna getiripdi. Geçen iýul aýynda Moskwanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Pugaçýowa şäherçesinde ýerli ýaşaýjynyň bir etniki çeçenistanly tarapyndan öldürilmegi Moskwada özge ýurtlulara bolan ýigrenji möwjedip, gozgalaňlaryň turmagyna sebäp bolupdy.

Demirgazyk Kawazdan, Orta Aziýadan we gönorta Kawkazdan iş gözläp Moskwa gelýänleriň sany köpeldigiçe Orsýetde migarntlara bolan duşmançylyk has hem möwjeýär. Orsýetde 11 million sany hasaba alnan daşary ýurt raýatlary bar. Ýöne resmi hasapdakylary we beýlekileri goşanyňda, Orsýetde ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň jemi sanynyň has köpdügi çak edilýär. Orsýetiň öz Demirgazyk Kawkazdan gelen raýatlaryna-da içi kitüwlilik bilen seredilýär.

Düýnki bolan dartgynly ýagdaýdan soňra Russiýa Federasiýasynyň migrantlarynyň başlygy Muhammet Amin migrantlara ýüzlenip çykyş etdi we olara öýlerinden daşaryk çykmazlygy tabşyrdy. Amin Interfaks habar agentligine beren gürrüňinde: “Moskwanyň başga-da birnäçe ýerinde hüjümleriň bolmagy ahmal. Milletçiler özlerini aşa gaharjaň alyp barýarlar” diýip belledi.

Orsýetiň raýatlary

24 ýaşly Magomet Karasow Demirgazyk Kawkazda ýerleşýän Garaçaý-Çerkazistan respublikasyndan bolup, ol hem Orsýetiň raýatydyr.

Magomet Moskwadaky metjitleriň birinden çykyp gelýärkä Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Hemme zat beterleşip barýar. Şeýle wakalar bilen bagly öňki tejribelere ser salanymyzda – şular aly wakalar bolanda, olar belli bir adamy tutman, hemmäni bir aýakdan sürýärler. Güýç ulanyjy edaralaryň işgärleri hem milletçilerden galanoklar diýip pikir edýärin. Özüňe, ýakyn adamlaryňa howp abanýar, ýakyn dogan-garyndaşlaryň howp astynda galýar. Durmuş-da bu. Meniň pikirimçe, hökümet adamlaryň howpsuzlygyny üpjün edýän syýasaty ýola goýmaly” diýip ol aýtdy.

Karasowyň pikirine görä, esasy zat, iň bir ähmiýetli musulman baýramçylygy bolan Gurban baýramynyň ýekşenbe güni bolan pitneçi gozgalaňlaryň kölegesinde galmagy däl, has wajyby - mundan beýläk prowokasiýalaryň we küşgürmeleriň bolmak ähtimallygy.

“Ertir prowokasiýalaryň bolmagy ahmal. Men hemmäni hüşgärlige çagyrýaryn. Güýç ulanyjy edaralaryň işgärlerini, öz watandaşlarymy we Moskwanyň ýaşaýjylaryny prowokasiýalara ýol bermän, hüşgär bolmaga çagyrýaryn”.
XS
SM
MD
LG