Sepleriň elýeterliligi

Ženewa: Eýran täze teklipleri hödürledi


Eýranyň we dünýäniň iň täsirli ýurtlarynyň resmi toparlarynyň maslahaty, Şweýsariýa, 15-nji oktýabr, 2013.

Eýranyň we dünýäniň iň täsirli ýurtlarynyň resmi toparlarynyň maslahaty, Şweýsariýa, 15-nji oktýabr, 2013.

Eýranyň we dünýäniň iň täsirli alty ýurdunyň ýokary derejeli resmileri Tähranyň ýadro programmasy boýunça Ženewada iki günlük gepleşiklere başladylar.

Ýewropa Bileleşigi Eýranyň halkara jemgyýetçiligi bilen gepleşikleriň soňky tapgyryny öz ýadro programmasy boýunça dawalary çözmek ugrunda täze planyny teklip etmek bilen başlandygyny mälim etdi.

Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Ketrin Aştonyň metbugat-wekili Maýkl Mann Ženewadaky gepleşikleriň başlanmagynyň yz ýany habar berdi. Eýran dünýäniň täsirli ýurtlarynyň altysynyň ýokary derejeli resmileri bilen gepleşik geçirýär.

Ketrin Aşton ABŞ-ny, Orsýeti, Hytaýy, Britaniýany, Fransiýany öz içine alýan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik bäş agzasyndan we Germaniýadan ybarat 5+1 atly topara baştutanlyk edýär.

Mann toparyň gepleşikleriň netijelerine optimizm bilen garaýandygyny aýtdy, emma takyk maglumat bermedi.

Eýranyň teklibi

Tähranyň teklipleri Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif tarapyndan öňe sürüldi.

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Arakçi gepleşikleriň gowy ýagdaýda geçýändigini we Eýranyň tekliplerine günbatar döwletleri tarapyndan ilkinji reaksiýanyň “gowy” bolandygyny aýtdy.

Arakçi gepleşikler barada jikme-jik habar bermedi we olary “gizlin” diýip atlandyrdy. Emma ol Eýranyň beýleki döwletler bilen gepleşiklere örän çynlakaý çemeleşýändigini nygtady.

Ženewada geçýän iki günlük gepleşikler Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň awgust aýynda häkimiýet başyna geçeli bäri ýurduň ýadro programmasy boýunça halkara jemgyýetçiligi bilen ilkinji duşuşygydyr. Rohani on ýyla golaý wagt bäri dowam edýän çykalgasyz ýagdaýy ýarym ýyldan bir ýyla çenli aralykda çözmegi wada beripdi.

Tähran özüniň ýadro ýaragyny döretmek niýeti barada Günbatar tarapyndan edilýän aýyplamalary ret edýär we öz ykdysadyýetine zyýan ýetirýän halkara sanksiýalarynyň ýatyrylmagyny isleýär.

Ketrin Aşton gepleşikleriň öňüsyrasynda eden çykyşynda Tähranyň 5+1 toparyň aprel aýynda eden tekliplerine jogap hökmünde täze ideýalary öňe sürmegine umyt baglapdy. Günbatar ýurtlary, eger Eýran urany baýlaşdyrmak boýunça işlerden el çekip, ýadro programmasyny aýdyňlaşdyrsa, öňa garşy sanksiýalaryň gowşadylmagyny teklip edipdi.

Halkara talaplary

Tähran urany baýlaşdyrmak boýunça işlerini duruzmak barada edilen ozalky halkara talaplaryny ret edipdi.

Dünýäniň täsirli alty döwleti Eýranyň urany baýlaşdyrmak boýunça alyp barýan işleriniň ýadro ýaragyny döretmek ugrunda ädimdigini aýdýarlar.

Şol bir wagtda-da Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu dünýä liderlerini Tähranyň bölekleýin eglişiklerini kabul etmän, onuň harby ýadro programmasyndan doly el çekmegini talap etmäge çagyrdy.

Ysraýyl 20% baýlaşdyrylan uranyň 250 kilogramynyň ýadro bombasynyň döredilmegi üçin ýeterlikdigini aýdýar we Eýranyň muňa eýe bolmagyna ýol bermejegini duýdurýar.

BMG-niň ýadro meselelerine gözegçilik edýän Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň ýakynda ýaýradan hasabatynda Eýranda 20% baýlaşdyrylan uranyň 185 kilogramynyň bardygy aýdylýar.

Şu aýyň başynda NýuÝorkda BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda premýer-ministr Benjamin Netanýahu Ysraýylyň Eýranyň atom ýaragyna eýe bolmagynyň öňüni almak üçin hatda birtaraplaýyn bolsa-da, hereket etmekçidigini duýdurdy.
XS
SM
MD
LG