Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: Özbek raýaty öldürildi


Moskwanyň durnuksyz Birýulowa etrabynda özbegistanly raýat öli tapyldy.

Çarşenbe güni Russiýanyň derňew komitetiniň Moskwa bölümi boýunça metbugat wekili 51 ýaşly özbek raýatynyň jesediniň sişenbe güni tapylandygyny habar berýär. Resmileriň aýtmagyna görä, ol ençeme sapar pyçaklanypdyr.

Ýekşenbe güni Birýulowada müňlerçe anti-migrant protestçileriň bag-bakja önümi saklanýan ammara hüjüm etmegi we polisiýa bilen çaknyşmagy netijesinde bu etrabyň ady metbugatyň baş sahypalaryna ýerleşipdi.

Bu waka kawkazly migrant tarapyndan öldürildi diýilýän rus raýatynyň jaýlanyş mirasymynyň yzýany bolup geçdi.

Duşenbe güni Birýulowada polisiýa 1200 töweregi migrant işçini tussag edipdi. Sişenbe güni bolsa polisiýa Azerbaýjanyň raýatyny rus raýatyny öldürmekde aýyplap tussag edipdi.

Moskwanyň sudy Birýulowadaky bag-bakja önümi saklanylýan ammaryň 90 gün ýapylmalydygy baradaky karary çykardy.
XS
SM
MD
LG