Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Partlamada 21 adam öldi


Siriýanyň günortasyndaky Noa şäherinde gijäň ýary mini-awtobusyň ýoluň kenaryna gömülen ýer minasynyň üstünden barmagy netijesinde 21 adam, şol sanda dört çaga we alty aýal öldi. Bu barada Siriýanyň aktiwistleri habar berýär.

Çarşenbe güni düýbi Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary boýunça Siriýanyň synçy toparynyň beren maglumatyna görä, Deraa welaýatynda bolan partlama gijäň ýaryndan gysga wagt soň ýüze çykypdyr.

Toparyň maglumatynda gürrüňi edilýän territoriýada söweşijiler bilen Siriýa hökümetiniň arasynda uruşlaryň dowam edýändigi bellenilýär.

Partlama häzirki wagtda söweşijiler tarapyndan gabawa alnan hökümetiň harby postunyň golaýynda bolup geçdi.

Aktiwistleriň aýtmagyna görä, ýer minalary Siriýanyň hökümet güýçleri tarapyndan ýerleşdirilipdir. Siriýa hökümeti bolsa, henize çenli partlama barada beýanat bilen çykyş etmedi.
XS
SM
MD
LG