Sepleriň elýeterliligi

Nawalna höküm çykaryldy


Çarşenbe güni Russiýanyň regional sudy oppozision lider Alekseý Nawalna garşy gozgalan ogurlyk aýyplamalaryny güýçde saklady, ýöne onuň şertli bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edilmelidigi barada karar çykardy.

Kirow region sudunyň çykaran bu karary prezident Wladimir Putiniň Russiýadaky iň ýiti tankytçylarynyň biri bolan Nawalnynyň türme tussaglygyna höküm edilmejekdigini aňladýar.

Iýul aýynda Nawalny 2009-njy ýylda agaç materiallary firmasyndan 16 million rubl, ýagny 500 müň amerikan dollary ogurlamagy gurnamakda aýyplanyp, bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Nawalnyý özüne garşy gozgalan sud işiniň syýasy maksatlydygyny we toslamadygyny aýdyp, suduň çykaran kararyny we hökümini şikaýat etdi.

Sud işiniň yzýany Nawalny “Ne meniň kärdeşlerim, ne-de men syýasy göreşimizi togtatmarys. Bu dowam eder” diýip, syýasy işlerine dowam etjekdigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG