Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG deslapky raporty ýaýratdy


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratiýa instituty we Adam hukuklary boýunça edarasy Gürjüstanyň prezidentlik saýlawlarynyň geçen ýylky parlament saýlawlaryna garanyňda şu wagta çenli “aýratyn hem asuda” geçýändigini habar berýär.

Ýöne gürrüňi edilýän bu edaranyň sişenbe güni 27-nji oktýabrda geçiriljek ses berilişikden öň ýaýradan deslapky raportynda kampaniýanyň ýurduň häzirki premýer-ministri Bidzina Iwanişwiliniň “Gürji arzuwy” partiýasy bilen wezipesi tamamlanyp barýan prezident Mihaýil Saakaşwiliniň “Birleşen Milli hereket” partiýasynyň arasynda dartgynly geçendigi bellenilýär.

Raportda aýdylmagyna görä, dartgynlyk Saakaşwiliniň ýakyn ýaranlarynyň birnäçesiniň tussag edilmegi bilen baglydyr.

Şeýle-de raportda ýerli öz-özüni dolandyrýan edaralarda Saakaşwiliniň partiýasynyň wekillerine “edildi diýilýän syýasy basyşlaryň netijesinde kampaniýa negatiw täsiriň ýetendigi” aýdylýar.
XS
SM
MD
LG