Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada gollandiýaly diplomat ýenjildi


Russiýa ýokary derejeli gollandiýaly diplomatyň Moskwadaky öýünde ýenjilendigini habar berýär. Nederlandiýanyň Moskwadaky missiýasynyň başlygynyň orunbasary Onno Elderenboş hüjümde agyr ýaralanmandygyny aýdýar.

Maglumata görä, hüjümçiler Onno Elderenboşyň öýüne özlerini elektrik ussasy diýip tanyşdyryp giripdirler. Resmiler hüjümçiler diplomatyň öýünden gaçmazyndan ozal aýnanyň ýüzüne pomada bilen “LGBT” ýazgysyny galdyrypdyrlar diýýärler. Bu ýazgy lezbian, geý, biseksual we transgender sözleriniň baş harplaryndan düzülen gysgaltma, abbrewiaturadyr.

Gollandiýanyň Gaagdaky Daşary işler ministrligi Russiýanyň ilçisini bu waka barada düşündiriş bermegi üçin çagyrdy.

Bu waka golland polisiýasy tarapyndan ýenjildi diýilýän rus diplomaty üçin Moskwanyň Nederlandiýadan ötünç soramagy talap etmeginiň yzýanyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG