Sepleriň elýeterliligi

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


"Twitter" sosial ulgamynyň logotipiniň öňünde ýerleşdirilen smartfon

"Twitter" sosial ulgamynyň logotipiniň öňünde ýerleşdirilen smartfon

Täze Tolkun ýaşlar gepleşiginde her hepdede ýaşlaryň sosial saýtlarda iň köp maslahatlaşan, gürrüňini eden meseleleri barada maglumat berýäris.

“Ertir.com”

Geçen hepde “Ertir.com-da” iň köp gürrüňi edilen temalardan biri “Başga welaýatdan prezident”. Bu tema sosial saýtyň “Palan” atly agzasy tarapyndan gozgalypdyr. Tema 11-15-nji oktýabr aralygynda jemi 1344 sapar okalyp, 20 sapar hem halanypdyr.

Temanyň mazmunynda şeýle diýilýär: “Siz Aşgabatdan we Ahaldan däl-de, başga welaýatdan prezident saýlanjagyna ynanýarsyňyzmy? Eger Lebapdan, Daşoguzdan ýa-da Balkandan prezident saýlansa, Türkmenistanda nähili üýtgeşiklikler bolup geçer? Saýlanjak prezidentiň öň döwlet guramasynda işlemedik, ýönekeý halkyň arasyndan çykjak, halkyň ýagdaýyna we dertlerine düşünýän adaty raýat bolmagyny isleýärsiňizmi? Saýlanjak prezidentiň häzirki döwrüň talaplaryny görüp bilýän we şoňa görä özgerişlikler geçirmegini isleýärsiňizmi?” diýen soraglar orta atylýar.

Bu temanyň syýasat bardadygyny we Türkmenistanda hem ýaşlaryň o diýen syýasata goşulmaýandygyny göz öňünde tutanymyzda, başda göräýmäge, gozgalan bu tema onçakly teswir gelmejek ýaly, emma bu çaklama diňe çaklama bolup galýar. Sebäbi oňa jemi 97 teswir gelip gowşup, teswirlerde agzalar dürli pikirleri öňe sürüpdirler.

Oňa gelip gowşan ilkinji teswirleriň birinde “Aweiro” atly agza “Näme ahally prezidentleri halaňokmy?” diýen soragy galdyrypdyr.

“Erkek2013” atly agza bolsa: “Başga welaýatdan goýsalar, ilki bilen ahallylar uruş tapar, a Ahaldan goýsalar, başga welaýat uruş etmez. Ahallylar özüni her kimçe görýär, a beýleki welaýatlar beýle däl, [olar] pes göwün. Eger başga welaýatdan saýlansa, ahallylar özüni öldürermika (göçme manyda) diýýän, bolany...” diýip, öz garaýşyny galdyrypdyr.

“4ekiz” atly agza bolsa: “Hawa, ministrleriň köpüsi ahally hem däl-de, gökdepeli, özüňiz pikirleniberiň yzyny” diýip, teswir galdyrypdyr. Bu tema gaty çekeleşikli teswirler bilen dowam edýär.

“Vkontakte”

Indiki gürrüňini etjek sosial ulgamymyz “Vkontakte”. Bu sosial ulgamyndaky “Salam Türkmen” toparynyň “Döwlet adam üçinmi?” diýen makalasy sosial ulgamyň agzalarynyň arasynda diskussiýa döredipdir. Bu tema 8-nji oktýabrda paýlaşylypdyr we ol 11 sapar halanypdyr. Temada Türkmenistanda halka edilýän hyzmatyň hiliniň pesdigi we hyzmat üçin edilýän çykdajynyň talaby ödemeýändigi barada gürrüň edilýär.

“Salam Türkmen” toparynyň sahypasynda bellenmegine görä, bu blog ýakynda Türkmenistana baryp gaýdan ildeşimiz Jemal Berdiýewa tarapyndan ýazylypdyr. Jemalyň ýazan bloguna gelip gowşan teswirleriň birinde “Lablaze Ghetto” atly agza: “Jemal ýüregim bolupsyň. Men bu zatlar hijem düzelmezmika diýip gorkýan. Indi, öküz eýýäm tanapdan sypdy, ony diňe ok saklaýmasa” diýip, Türkmenistanyň halka hyzmat ediş ulgamyndaky ýagdaýlara gynanýandygyny beýan etse, ýurtdaky şeýle ýagdaýy halaýanlar hem bar. O nähili diýýärsiňizmi? Ynha, jogap indiki teswirde.

“Abdyllan Nothin” atly agza: “Gowu-laý hemme zat tanşyň bolsa! Ýoluň hemişe açyk bolýar! Men Türkmenistanyň şonsuny söýýän” diýip, öz pikirini beýan edipdir.
Bu tema teswir galdyran sosial saýtyň agzalarynyň arasynda Aýmyrat Aýydow, Nazar Orazgeldiýew, Emir Saparow, Didar Çaryýew we Döwlet Durdymämmedow ýaly agzalar bar.

“Twitter”

Twitter sosial ulgamynda, geçen hepde hem bolşy ýaly, ”Türkmençe ýaz” sözleriniň öňünden “häş täg” alamaty goýlup ýazylan tweetler ýörgünliligini dowam etdirýär. “@Azadik” atly agzanyň “Napolyondan köp zat öwrenmeli: "Mümkin däl, diýen söz diňe akylsyzlaryň sözlüginde bar" diýip ýazan tweetine gürrüňi edilýän sosial ulgamyň agzalary tarapyndan gyzyklanma döräpdir. Ýagny bu tweet teswiri ýazan gaza bilen “@Jakmaral” atly agzanyň arasynda çekeleşigiň döremegine sebäp bolupdyr.

Şeýle-de, “JAkmaral” atly agzanyň “Kakamjan meniň sen ýaly owadan bolasym gelýär” diýen tweeti hem Twitterdäki käbir türkmenleriň arasynda gyzyklanma döredipdir. Ol alty sapar retweet, ýagny gaýtadan çap edilip, üç sapar hem halanypdyr.

Ondan başga-da Twitterde “kitap okasaň” jümlesiniň öňüne “häş täg” alamatyny goýup, tweet ýazmaklyk hem barha ýörgünleşýär.
XS
SM
MD
LG