Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owgan saýlawçylarynyň sesleri satylýar


Owganystanyň rayaty saýlawlarda ses bermek üçin registrasion kartyny alýar, Ghazni, 17-nji sentýabr, 2013.

Owganystanyň rayaty saýlawlarda ses bermek üçin registrasion kartyny alýar, Ghazni, 17-nji sentýabr, 2013.

Owganystanda indiki ýylda boljak prezidentlik saýlawlaryna taýýarlyk görülýärkä, ýurtda täze bir söwda ugry peýda boldy, ýagny raýatlaryň ses berişlige gatnaşmagy üçin ýörite registrasion kartlar satylýar we satyn alynýar. Reuters agentliginiň habar bermegine görä, bu kartlar resmi registrasion merkezler tarapyndan paýlanmaly. Emma şol kartlarda aýal saýlawçylaryň suratlarynyň ýoklugy kartlaryň bikanun söwdasy üçin şert döredýär.

Owganystanyň gündogarynda ýerleşýän Nangarhar welaýatyna degişli Marko atly kiçijik bir şäherçäniň köçesinde erkek adamlar registrasion kartlary topbaklaýyn göterip, hyrydar gözleýärler.

Karim Aghanyň elinde şeýle kartlaryň birnäçesi bar. Ol söwdanyň örän gowy barýandygyny we käbir adamlaryň birbada 500 ýa-da 1 000 registrasion karty satyn alýandygyny gürrüň berýär. Aghanyň sözlerine görä, ol bu kartlary oba ýaşaýjylaryndan 200 pakistan rupiýasyna satyn alyp, hersini 500-1000 rupiýa aralygynda satýar. Bu 5 we 10 amerikan dollaryna barabar bolýar.

Söwda bolan talap

Agha ýaly satyjylar özleriniň jenaýatçylykly işe baş goşmaýandygyny aýdýarlar. Ol kartlaryň söwdasy baý syýasatçylaryň talaplaryna we garyp oba ilatynyň zerurlyklaryna laýyk gelýär diýip pikir edýärler. Garyp adamlar öz seslerini satyp, gün görmek üçin biraz goşmaça gazanç edýärler.

2014-nji ýylyň 5-nji aprelinde boljak prezidentlik saýlawlaryna çenli ýene birnäçe aý bar, emma prezidentlige dalaşgärleriň ençemesi ses berijileriň saýlaw kartlarynyň söwdasy bilen baglylykda aladalanma bildirýärler we şeýle ýagdaýda saýlawlar näderejede adalatly bolar diýen sowaly orta atýarlar.

Bu ses berişligiň mundan ozalky 2009-njy ýylyň saýlawlaryndan hem has galp bolmagynyň “Talybanyň” söweşijileriniň peýdasyna bolup, halkara goşunlarynyň çykarylmagyndan soň ýurduň hökümetiniň dargamagyna howp döredip biler.

Owgan demokratiýasy

Azizullah Ludin 2009-njy ýylda Owganystanyň saýlawlaryna gözegçilik eden edara ýolbaşçy bolupdy, häzir ol prezidentlik wezipesine dalaş edýär. Ludinyň pikirine görä, saýlawçylar öz seslerini “bir gezek naharlanmaga ýetjek pula satýarka, owgan demokratiýasy satylýan bir haryda öwrülýär we saýlawçylaryň isleglerine bagly bolup bilmez”.

Azizullah Ludin dörän ýagdaýyň gözegçilik astyna alynmalydygyny bellemek bilen, “ses berijileriň kartlaryny satyn alýan dalaşgärleriň hem döwleti hem-de halky aldaýandygyny we munuň üçin jogap bermelidigini aýtdy.

2001-nji ýylda Owganystanda yslamçy “Talyban” režimini häkimiýet başyndan agdarmaga ýardam beren we ýurtda demokratiýany dikeltmek ugrundaky tagallalara baştutanlyk eden ABŞ 2014-nji ýylyň aýagynda halkara goşunlaryň ýurdy terk etmeginden öň boljak prezidentlik saýlawlarynyň öwrülişik pursaty bolmagyny isleýär.

Saýlawlarda ýeňiş gazanan dalaşgär ýurduň häzirki prezidenti Hamid Karzaýyň ornuna geçer. Ýurduň Baş kanuny Karzaýyň üçünji sapar prezident bolmagyny gadagan edýär. Owganystanyň prezidenti wezipesine ençeme dalaşgär, şol sanda Hamid Karzaýyň agasy Kaýum, öňki daşary işler ministrleri Zalmaý Rasul we Abdulla Abdulla, şeýle-de häzir parlamentiň agzasy bolan, öňki meýdan komandiri Abdul Rab Rasul Saýýaf dalaş edýärler.
XS
SM
MD
LG