Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Gepleşikler noýabrda geçiriler


Siriýanyň premýer-ministriniň orunbasary Kadri Jamil “Ženewa 2” diýlip atlandyrylýan Siriýa parahatçylyk gepleşikleriniň indiki tapgyrynyň 23-24-nji noýabrda geçiriljekdigini aýtdy.

Jamil bu barada penşenbe güni Moskwada mälim etdi. Ýöne onuň ýaýradan bu beýanatyny heniz Birleşen Milletler Guramasy tassyklamady.

Jamil konfliktlere syýasy çözgütler tapmak üçin geçiriljek konferensiýanyň senesiniň üýtgäp biljekdigini, ýöne onuň dekabrdan soňa goýulman geçiriljekdigini belledi.

Çarşenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-mun duşuşygyň noýabr aýynyň ortalarynda geçirmäge synanyşmak üçin tagallalaryň güýçlendirilýändigini aýdypdy.
XS
SM
MD
LG