Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Şabakly türkmenler öldürildi


Yragyň demirgazygyndaky obada janyndan geçen bombaçynyň ulagy partlatmagy netijesinde aglabasy çagalardan ybarat azyndan 12 adam öldi.

Bu waka penşenbe güni irden Mosul şäheriniň gündogaryndaky Al-Muwaffakiýah obasynda ýüz berdi. Bu oba Yragyň Türkiýe bilen araçäkleşýän territoriýasynda ýerleşip, obada yslamyň şaýy mezhebine uýýan şabakly türkmenler ýaşaýarlar.

Ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň berýän maglumatyna görä, partlamanyň netijesinde 50 töweregi adam ýaralanypdyr. Şabakly türkmenleriň ýaşaýan ýerleri mundan ozal hem nyşana alnypdy.

Mundan ençeme ýyl ozal şabaklylaryň köpüsi Mosul şäherinde ýaşaýardy. Olar mezhebara uruşlar döwründe sünni söweşijiler tarapyndan Mosuldan çykarylypdylar.
Al-Muwaffakiýah obasynda bolan hüjümi henize çenli hiç kim öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG