Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Hairow günäsizdigini aýdýar


Gazagystanda köpçülikleýin adam gyrgynçylygynda güman edilýän şübheli özüniň günäsizdigini aýdýar.

Almatynyň golaýyndaky milli seýilgähde 11 adamy öldürmekde güman edilýän şübheli baradaky sud işi penşenbe güni başlady. Şübheli Saýan Hairow adamlary öldürmäge gatnaşmakda we gazak-gyrgyz araçägini bikanun geçmekde aýyplanýar.

Hairow serhedi bikanun geçendigini boýun aldy, ýöne ol jenaýatyň ýüz beren wagty özüniň Gazagystanda däldigini aýtdy.

2012-nji ýylyň awgust aýynda 11 adamyň, şol sanda tokaý sakçysynyň we onuň maşgalasynyň jesedi Almatydaky Ile-Alatau milli seýilgäginde tapylypdy.

Şondan gysga wagt soň Hairow ele salnypdy we jenaýat eden toparyň agzasy diýip aýyplanypdy. Gürrüňi edilýän köpçülikleýin gyrgynçylyga gatnaşmakda aýyplanýan şübhelileriň ýene biri Zaurbek Botabaýew bolup, ol häzirki wagt ele salynmady.
XS
SM
MD
LG