Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, ÝB Eýrana gowy baha berdi


Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi Tähranyň ýadro programmasy barada geçirilen halkara gepleşiklerden soň Eýrana gowy baha berdi.

Ak tamyň metbugat wekili Jeý Karneý Ženewada geçirilen gepleşiklerde Eýranyň eden çykyşynyň “örän peýdalydygyny” aýdyp, Eýranyň teklipleri “çynlakaýlygyň” täze derejesini görkezdi diýýär.

Şol bir wagtyň özünde Karneý bu iş barada heniz “çaltlyk bilen” öňe gidişligiň ýokdugy barada habardar edip, Waşington heniz hem Eýranyň ýadro programmasynyň ýadro ýaraglaryny öndürmäge däl-de, diňe parahatçylykly maksatlar üçin gönükdirilendigini subut etmegi üçin Tährana çagyryş edýär diýdi.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Ketrin Eşton gepleşikleri “esasly” we “örän wajyp” diýip häsiýetlendirdi.

Eýran bilen dünýäniň alty iri döwletiniň – Britaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Russiýanyň we Birleşen Ştatlaryň – arasynda geçiriljek indiki ýokary derejeli gepleşikler 7-8-nji noýabrda Ženewada geçiriler.
XS
SM
MD
LG