Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäde 30 million gul bar diýilýär


Täze ýaýradylan raportda dünýäde takmynan 30 million töweregi adamyň guldygy aýdylýar. Raportda bellenmegine görä, olar jynsy gatnaşyk we gündelik işleri ýerine ýetirmegi üçin satylýanlar, şeýle-de karz baknaçylygyň pidalary we kähalatlarda-da gul hökmünde dogulanlardyr.

Düýbi Awstraliýada ýerleşýän adam hukuklaryny goraýan “Walk Free” guramasy tarapyndan Global gulçulyk indeksiniň 2013-nji ýyla syn edip ýaýradan raportynda dünýädäki gullaryň takmynan ýarysy Hindistanda ýaşaýar diýilýär.

Ýöne raportda gulçulygyň dünýäniň 162 ýurdunda bardygy aýdylýar. Şeýle-de raportda Hytaýda 2,9 million, Pakistanda 2,1 million we Russiýada 516 müň guluň bardygy bellenýär.

Raportda Moldowada takmynan 33 müň guluň bardygy we onuň daşary ýurtlara gul ugradýan esasy döwletdigi nygtalýar.

Şeýle-de raportda Ukrainadaky, Russiýadaky, Birleşen Ştatlaryndaky, Germaniýadaky, Belarusdaky we beýleki ýurtlardaky moldowanlaryň jynsy gatnaşyk industriýasynda, gurluşykda, oba-hojalykda we öý hojalyk işlerinde zähmet çekýändigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG