Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Malala: "Pakistanlylar meni ýigrenseler-de, men watanymy söýmäge dowam ederin"


Malala Ýusufzai
Malala Ýusufzai
Ýakynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugy Malala Ýusufzai bilen ýörite söhbetdeşlik geçirdi. Malala söhbetdeşliginde Pakistandaky tankytçylaryň özüni ýazgarmazdan ozal, olary özüniň aýdan sözleri barada pikir etmäge çagyryş etdi. Şeýle-de, gyzlaryň okamagy we aýallaryň hukuklary ugrunda alyp barýan işleriniň hem çyn ýürekdendigini belledi.

Azatlyk Radiosy: Pakistanda käbir adamlar siziň “BBC” korporasiýasynyň Urdu gullugy üçin blog ýazmandygyňyzy aýdýarlar. Şeýle sözlere nähili jogap berýärsiňiz?

Malala Ýusufzai:
2009-njy ýylyň ýanwar aýy Swatyň iň pajygaly döwri boldy. “Talyban” Mingoranyň merkezindäki “Ýaşyl meýdanda” her gije iki ýa-da üç adam öldürýärdi. Şol aý bir gün meniň kakam “BBC” korporasiýasynyň žurnalistiniň okuwçylaryň birinden blog ýazmagy sorandygyny aýtdy.

Kakam maňa “Muny sen ýazyp bilersiňmi? diýdi. Men “Elbetde. Sebäbi Swatyň adamlary, çagalary, ylaýta-da gyzlary barada bütin dünýä gürrüň bermek üçin bu gowy mümkinçilik diýip pikir edýärin” diýdim. Men örän bagtlydym we kakama blogy ýazaryn ýa-da ony telefon arkaly aýdyp bererin diýdim.

Azatlyk Radiosy: Käbir pakistanlylar siziň “Talyban” tarapyndan atylmandygyňyzy we ony siziň toslandygyňyzy aýdýarlar we olar muňa ynanýarlar. Siz şeýle sözleri eşideniňizde, özüňizi nähili duýýarsyňyz?

Malala Ýusufzai:
Şeýle zatlary aýdýan adamlar bagyşlanyp bilner. Sebäbi biziň ýurdumyzda aşa ynamsyzlyk bar we hat-da adamlaryň syýasatçylardan hem göwni geçen. Esasy bellenmeli zat, Malalanyň atylyp-atylmandygy wajyp däl. Malala özi üçin, şahsy bähbitleri üçin goldaw soranok. Malala gyzlaryň bilimini we aýallaryň hukuklaryny goramak üçin goldaw soraýar.

Azatlyk Radiosy: Siziň tankytçylaryňyzyň käbirleri Malala öz başdaky yzarlaýan maksadyna wepaly däl, ol diňe brende, ýagny geçginli ada öwrüldi diýýärler. Şeýle tankytlara nähili jogap berýärsiňiz?

Malala Ýusufzai:
Adamlar Malalanyň sesi bütin dünýä satylýar diýýärler. Ýöne men Malalanyň sesiniň bütin dünýä ýetýändigini we bütin dünýäde ýaňlanýandygyny görýärin. Siz Malalanyň sesiniň arkasynda nämäniň bardygy barada pikir etmeli. Ol näme diýýär? Men diňe bilim, aýallaryň hukuklary we parahatçylyk barada gürleýärin. Men ertirki Pakistanda garyplygyň soňuna ýetmek isleýärin. Men Pakistandaky ähli gyzlaryň mekdebe okamaga gitmegini isleýärin.

Malalanyň hekaýaty
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:09:05 0:00
Azatlyk Radiosy: Pakistandaky käbir dindarlar siziň Günbatar tarapyndan öz bähbidi üçin ulanylýandygyňyzy we siziň arşa galmagyňyzy ýurda garşy gurnalýan dildüwşügiň bir bölegidigini aýdýarlar. Siz şeýle sözlerde dogrulygyň bardygyny görýärsiňizmi?

Malala Ýusufzai:
Meniň islendik sözümiň Pakistana garşy dildüwşük bilen baglanyşdyrylmagy düýbünden esassyz. Pakistan [onsuzam] eýýäm köp dildüwşükleriň ortasynda. Pakistanda eýýäm köp wagtdan bäri ýagdaýlar erbetleşýär.

Karaçi şäherinde birnäçe adamyň atylyp öldürilendigini eşitmän, bir günümiz hem geçenok. Biziň bir günümiz hem adamlar öldürilmän geçenok. Men adamlara Pakistanyň meniň watanymdygyny ýatladasym gelýär. Ol meniň ejem ýaly we men ony ýürekden söýýärin. Hatda Pakistanyň adamlary meni ýigrenseler-de, men ýurdumy söýmegi dowam ederin.

Azatlyk Radiosy: Onda siz Günbatar tarapyndan ulanylaňyzok, şeýlemi?

Malala Ýusufzai:
Pakistanyň daşyndaky ýurtlarda adamlar meni goldaýarlar. Munuň sebäbi ol ýerde adamlar birek-biregi hormatlaýarlar. Olar muny men puştun ýa-da penjab, pakistanly ýa-da eýranly bolanym üçin edenoklar. Olar muny öz sözlerine [goýýan hormaty] we adamkärçilikleri üçin edýärler. Hut şu sebäpden ol ýerde meni hormatlaýarlar we goldaýarlar.

Azatlyk Radiosy: Siziň Birleşen Milletler Guramasynda eden çykyşyňyzdan soň Pakistanda käbir adamlar siziň hemme kişiniň göwnüni tapmaga synanyşýandygyňyzy aýtdylar. Bu barada näme diýersiňiz?

Malala Ýusufzai:
Meniň eden çykyşymyň biriniň göwnüni tapmaga synanyşmakdygy bilen ylalaşmaýaryn. Men öz eden çykyşymyň meniň nämeler üçin berk durandygymy görkezmegini isledim. Meniň pikirimçe, hüjümden soň gowulaşmagymyň yz ýany ähli ýerdäki adamlar meniň aýdan zatlarymy eşitmek isleýärdi.

Olar hüjümden soň meniň gorkup-gorkmandygymy bilmek isleýärdiler. Olar meniň gyzlaryň okamagy ugrundaky kampaniýamy heniz hem öňe sürüp-sürmejegimi bilmek isleýärdiler. Men eden çykyşymda Malalanyň öňüni alyp bolmajakdygyny we onuň gyzlaryň okamagy ugrundaky kompaniýany dowam etdirmäge niýetlidigini görkezmek isledim.

Azatlyk Radiosy: Ýaňy-ýakynda Pakistanyň “Talyban” komandiri Adnan Raşid size açyk hat ýazdy. Ol öz hatynda siziň kampaniýaňyzyň gyzlaryň bilimi ugrunda däldigini, onuň “Talybany” nyşana alýandygyny aýdýar. Siz oňa nähili jogap berersiňiz?

Malala Ýusufzai:
Bu onuň öz garaýşyny beýan etmek hukugydyr. Meniň pikirimçe, meniň öz durmuşymy isleýşim ýaly ýaşamaga hukugym bar. Men “Talybana” garşy propaganda bilen meşgullanamok. Men diňe gyzlaryň okamak hukugy barada gürleýärdim we "Talyban” bolsa gyzlaryň mekdebe gitmegini gadagan etdi.

Şeýlelikde, men ‘Talybanyň” eden käbir zatlaryna we onuň tarapdarlaryna garşy. Meniň çagalaryň okamagynyň gadagan edilmegine garşydygyma hiç hili şübhe ýok.
XS
SM
MD
LG