Sepleriň elýeterliligi

Halkara esgerleriň statusy üns merkezinde


Owganystanyň Wardak welaýatynyň paýtagty Maýdan Şar şäherindäki amerikan esgerleri

Owganystanyň Wardak welaýatynyň paýtagty Maýdan Şar şäherindäki amerikan esgerleri

Birleşen Ştatlaryň harbylarynyň "tarhanlyk hukugy" boýunça meseleleri Owganystanda olaryň galyp-galmazlygyny kesgitlemekde nädip päsgelçilikli meselä öwrüldi?

Waşington bilen Kabulyň ikisi hem, üstümizdäki ýylyň aýagyna çenli halkara güýçler Owganystany terk edenlerinden soň, ol ýerde amerikan esgerleriniň çäkli kontingentiniň galdyrylmagynyň tarapdary. Ýöne olar amerikan esgerleriniň "tarhanlyk hukugy" barada “Güýçleriň statusy boýunça ylalaşykda” bellenen maddalara täzeden garamaly bolarlar.

2-nji oktýabrda, şenbe güni, Owganystanyň prezidenti Hamit Karzaý we Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Kabuldaky päsgelçilikleri ykrar etdiler. Olar täze howpsuzlyk paktyny ýazmakda diňe bölekleýin üstünligiň gazanylandygyny aýdyp, çykyş etdiler.

Karzaý Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky hukugy we olaryň owgan sudundan azat edilmegi boýunça meseleleri düzgünleşdirmek üçin öňümizdäki aýda taýpa baştutanlarynyň mejlisi bolan Loýa Jirga geňeşine sala saljakdygyny belledi. Öz gezeginde Kerri hem “tarhanlyk hukugy” bolmazdan, amerikan esgerleriniň Owganystanda galyp bilmejekdigini mälim etdi.

Näme üçin döwletler öz harbylaryna “tarhanlyk hukugyny” talap edýärler?

Daşary ýurtlara goşun ugradýan hökümetler öz harbylary üçin taryhy aýratynlygy bolan ýörite kanuny statusy talap edýärler. Munuň sebäbi: daşary ýurda goşun ugradýan hökümetler ugradylýan ýurduň adalat sistemasynyň gowşaklygyndan gorkup, öz esgerleriniň esassyz sud edilmeginden çekinýärler.

Günbatar ýurtlarynyň kanunçylygy jenaýat jogapkärçiligine çekilýän adamyň öz hukugyny gorap bilmegi üçin oňa doly mümkinçilik döredýär. Gürrüňi edilen kanunçylykda jenaýat jogapkärçiligine çekilýän adamy güman edilýän jenaýaty boýun almaga mejbur etmeklik ýok, onsoňam sud prosesine aklawjynyň gatnaşmagyna mümkinçilik döredilýär, şeýle-de subutnama bolmazdan we ýeterlik esas bolmasa, adamlaryň saklanmagyna ýol berilmeýär.

Galyberse-de, hökümetler goşun ugradylýan ýurtlaryň adalat ulgamlarynyň negatiw basyşlara sezewar bolmagyndan, hususan-da, eger ol ýurtda daşary ýurtly harbylaryň bolmagyna gahar-gazap bilen seredilýän bolsa, onda kanunçylygyň bu ýagdaýdan täsirlenmeginden howatyrlanýarlar.

Ýöne bir zada oňat düşünmegimiz gerek, ýagny hökümetler öz harbylaryna temmisizlik soramaýar diňe tarhanlyk hukugyny aljak bolýarlar.

Düýbi Şweýsariýada ýerleşýän “Howpsuzlyk syýasaty” merkeziniň halkara howpsuzlyk ugry boýunça hünärmeni Mark Finou bu meselede şeýle diýýär: “Şeýle ylalaşyklarda diňe bir goşun goýberýän ýurt öz harbylary üçin tarhanlyk hukugyny soramaýar.

Eýsem, olaryň [harbylaryň] goşun kabul edýän ýurtda hereket edýän kanunlara berk uýmagy hem talap edilýär. Eger-de goşun kabul edýän ýurduň kanunlary daşary ýurtly harbylar tarapyndan bozulsa, onda kanuny bozan harbylar öz ýurtlarynda jenaýat jogapkärçiligine çekilip, eden etmişleri üçin tussag edilmeli bolarlar”.

Beýle diýmeklik – goşun ugradýan ýurtlaryň harbylarynyň baran ýurtlaryndaky kanunçylyga we öz ýurtlaryndaky kanunçylyga berk tabyn bolmaklary diýmekdir. Hökümetler öz harbylaryna kanuny bozmak hukugyny bermeýärler.

Näme üçin goşun kabul edýän ýurtlar daşary ýurtly harbylary öz kanunçylygyndan azat etmäge göwünjeň däl? (Ýa-da näme üçin olar harbylara tarhanlyk hukugyny bermekden biynjalyk bolýarlar?)

Goşun kabul edýän döwletler daşary ýurtly esgerlere tarhanlyk hukugynyň berilmek ýagdaýyny öz milli garaşsyzlygynyň kemsidilmegi diýip hasaplaýarlar. Esasan hem uruş döwründe, haçan-da daşary ýurtly goşunlar adaty raýatlara-da howp salýan harby operasiýalary amala aşyrýan döwründe, duýgular has hem möwç alýar.

Ýöne hatda parahatçylyk döwründe-de käbir meseleler ýüze çykýar. Haçan-da esgerler goşunyň bähbitlerinden aýratynlykda özbaşdak hereket edip, jenaýata baş goşanlarynda ýerli halk muňa gaharlanyp, esgeri oňa nätanyş kanunçylyk ulgamyna laýyklykda suda çekenlerinde, käbir meseleler ýüze çykyp bilýär.

Düýbi Londonda ýerleşýän “Birleşen karollygyň hyzmatlary” institutynyň harby sowatlylyk boýunça hünärmeni Maýkl Kodner şeýle ýagdaýyň düýpli jenaýatlara baş goşulanda bolup bilýändigini aýdýar. Meselem, Owganystan ýaly ýurtlaryň kanunçylygynda adamyň janyna kast etmekligiň jezasy atuw bolsa, Britaniýa ýaly döwletlerde ýagdaý beýle däl.

“Elbetde kanunçylyk sistemalarynyň biri-birinden tapawutlylygy oňaýsyz ýagdaýy döredýär. Meselem, aýdaly, haýsydyr bir ýurtda britan esgerleri bar diýeli we şol ýurtda britan harbylary adamyň janyna kast eden bolsa we agzalýan ýurduň kanunçylygynda bu jenaýat üçin atuw jezasy berilýän bolsa, elbetde, bu oňaýsyz ýagdaýdyr. Gürrüňi edilýän kanunçylyk sistemasyna laýyklykda britan esgerine britan kanunçylygyna ters gelýän atuw jezasy berilse, ýagdaý kynlaşar.”

Käwagt hökümetler goşun ugradylýan döwletiň adamlarynyň suda gatnaşmagyny gurnap, öz ýagdaýlaryny, aladalaryny beýan etjek bolýarlar. Amerikan esgeri Robert Beýls Owganystanyň Gandagar welaýatynda 16 adamyň janyna kast edipdi.

Awgust aýynda bolsa bir topar Owganystan raýaty, has takygy amerikan esgeriniň bu etmişinden ejir çeken pidalar we şaýatlar onuň sud diňlenişigine gatnaşmak üçin Birleşen Ştatlara getirildiler. Harby sud oňa (Robert Beýlse) ölüm jezasyny bermedi, oňa derek ömürlik tussaglyga höküm etdi. Ýöne owganlar oňa ölüm jezasynyň berilmegini sorapdyrlar.

Döwletleriň arasyndaky tarhanlyk hukugy boýunça kanunlar näderejede tapawut edýär?

Bu meselede belli bir standart ýok. Käbir ýurtlar öz esgerleriniň sud edilmek hukugyna özleri jogap berýär. Käbir ýurtlarda bolsa bu ýagdaý üýtgeýär we olar sud prosesi barada goşun ugradylan döwlete habar edýärler. Bu ýagdaý iki döwletiň näderejede ysnyşykly gatnaşyk saklaýanlygyna-da bagly bolýar.

Ženewanyň “Howpsuzlyk syýasaty merkeziniň” halkara howpsuzlygy boýunça hünärmeni Nils Melser bu barada şeýle diýýär: “Entek “Güýçleriň statusy boýunça ylalaşyklara” gol çekmänkä, Halkara Bileleşikleriň çäklerinde öňden bäri özara esasy ylalaşyklara gol çekişen ýurtlar bolup bilýär. Bu ýagdaý olaryň ylalaşyklaryny aňsatlaşdyryp biler, sebäbi iki döwlet hem ozaldan biri-biriniň kanunçylygyndan habarly. Olaryň öz aralarynda ýurisdiksiýalary alyşmagy has aňsat bolup biler. Ýöne, ynha, kanunlary biri-birinden doly tapawutly bolan Amerika bilen Owganystan üçin bu ýagdaý has çetindir”.

Käwagt goşun ugradylan ýurtlarda amala aşyrylan gabahat jenaýat üçin halkyň reaksiýasy “tarhanlyk hukugy” baradaky ylalaşyklara öz täsirini ýetirip biler. Muňa mysal edip, Ýaponiýada 1995-nji ýylda üç sany amerikan harby gullukçysynyň 12 ýaşly gyzy zorlamagyny agzap bileris.

Şol wakadan soň Waşington “zorlukda we adam öldürmekde” güman edilýän adamlaryň ýapon polisiýasy tarapyndan sorag edilmegine razyçylyk bildiripdi. Ondan ozal Waşington güman edilýänler resmi taýdan günäli hasaplanýança, olary bermeýärdi.

“Tarhanlyk hukugy” boýunça ylalaşyk gazanylmadyk ýagdaýynda daşary ýurtly goşunlar ol ýurtda galyp bilmezmi?

“Tarhanlyk hukugyna” ýurtlaryň garaýşynyň bu meselä täsirliligi, 2011-nji ýylda Amerika bilen Yrak özara ylalaşyga gelip bilmän, amerikanlar ol ýurtdan doly çykmaly bolanlarynda, has aýdyň belli bolupdy.
XS
SM
MD
LG