Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan täze düzgün isleýär


Türkmenistan dünýä enуrgiýa bazarynda täze, adalatly hyzmatdaşlyk modeliniň döredilmegine çagyrýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabatda açylan halkara konferensiýa ýüzlenmesinde şeýle pikir öňe sürülýär.

Bu konferensiýa «Energiýa howpsuzlygy we durnukly ösüş – ÝHHG-nyň perspektiwasy» diýlip atlandyrylýar.

Türkmen lideriniň sözlerine görä, energiýa howpsuzlygy meseleleri we energiýa serişdelerini dünýä bazaryna has ynamdar esaslarda çykarmak ÝHHG-nyň agzalarynyň aglabasynyň bähbitlerine degişli we geosyýasy ýagdaýyň durnuklylygyna hem-de makroykdysady proseslere täsir ýetirýär.

Aşgabatda geçýän iki günlük konferensiýa halkara guramalarynyň wekilleri, nebit-gaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, alymlar we beýleki gyzyklanýan adamlar gatnaşýar.

Prezident Berdimuhamedow bu konferensiýanyň öňünden ÝHHG-nyň baş sekretary Ramberto Zannier, BMG-niň baş sekretarynyň orunbasary Swen Alkalaýe bilen duşuşdy.
XS
SM
MD
LG